Soňky ýyllarda elektrik togy bilen hereket edýän ulag bazary barha ösýär.Bu ugurda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary degişli işleri alyp barýarlar.Elektroulag bazarynda öňdeligi eýelemegi maksat edinýän Germaniýanyň Volkswagen kompaniýasy uly maýa goýumlary özleşdirýär.
Kompaniýa bu babatda Şwesiýanyň Northvolt kompaniýasy bilen 14 milliard dollarlyk şertnama baglaşdy. Şwed kompaniýasy bu pul möçberinde litiý-ion batareýalaryny öndürer. Şertnamanyň möhleti 10 ýyldyr.Degişli döwürde şwed kompaniýasy önümçiligini giňelder we zawodynyň önümçilik kuwwatyny artdyrar. Şeýle hem nemes kompaniýasy şwed kompaniýasynyň gymmat bahaly paýnamalarynyň hem bir bölegini satyn alar.
CATL we LG Chem ýaly Aziýanyň uly kompaniýalary bilen bäsleşjek Northvolt kompaniýasy 2030-njy ýyla çenli Ýewropada bazar paýynyň 25 göterimine ýetmegi maksat edinýär.
Ýusup HALLYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
The post Elektromobil önümçiligi giňeldiler appeared first on Zaman Türkmenistan.