Elektrokar önümçiligine başlar

Koreýanyň KIA awtokompaniýasy geljekki bäş ýyllyk maksatnamasy barada giňişleýin maglumat berdi.Kompaniýa geljekde ýangyçdan has tygşytly peýdalanýan ulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berer. 2021-nji ýyldan başlap kompaniýa her ýyl täze bir elektroulag modeliniň önümçiligini ýola goýar.

Ilkinji peýda boljak ulagyň bir gezekki zarýady bilen 500 km ýol geçjekdigi mälim edildi.Kompaniýanyň ýolbaşçylary gibrid we elektroulag modellerine islegiň has ýokary bolmagyna garaşýarlar.KIA 2026-njy ýyla çenli 1 million sany elektrokar satmagy maksat edinýär.

Kompaniýa elektrokar bazarynyň 6,6 göterimini öz adyna ýazdyrmagy maksat edinýär.Täze elektrokarlar 15-20 minutda 80 göterim zarýad alar.Koreý brendi täze elektrokarlaryny “Imagine” nusgalyk ulagynyň esasynda taýýarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Enrico Marinelli erkek egin-eşik dükany açyldy
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Aşgabadyň ýaşaýyş jaýlarynda bir günden gowrak wagtlap suw bolmady
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy
Mýanmada ýurdyň goşuny bilen etnik ýaragly toparyň arasynda çaknyşyk boldy
Toyota 2021-nji ýylda dünýäde iň meşhur awtoulag markasy boldy