Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy

Elektrikli Hyundai Ioniq 5 Germaniýada ýylyň awtoulagy boldy

Germaniýada ýylyň awtoulagy ýaryşynyň guramaçylary ýeňijini yglan etdiler. Ýaryşda mundan alty aý öň bazara çykan Hyundai Ioniq 5 elektrikli heçbegi ýeňiji boldy. Bu barada motor.ru habar berdi.

Baýragyň 20 awtoulag žurnalistinden ybarat bolan halkara eminler topary hem bäş sany aýratyn ugur boýunça iň gowy awtoulaglary saýladylar: "Compact Class", "Premium Class", "Luxury", "New Energy" and "Sports Car".

Başlangyç bahasy 25 müň ýewro çenli bolan awtoulaglary öz içine alýan Ýylyň ykjam awtoulagy ugrunda markanyň ýolbars kelleli täze nyşanyny alan ilkinji modeli - Peugeot 308 heçbegi ýeňiji boldy.Iň oňat premium awtoulagy (bahasy 25 müňden 50 müň ýewro çenli) diýlip, Koreýanyň elektrikli awtoulagy Kia EV6 saýlandy.

Lýuks ugrunda ýeňiş "batareýaly" Audi e-tron GT awtoulagyna miýesser etdi.Täze energiýa ugry boýunça - Hyundai Ioniq 5, Sport awtoulagy ugry boýunça bolsa Porsche 911 GT3 saýlandy.

Soňky dört ýylda German Car of the Year bäsleşiginde diňe elektrikli awtoulaglar ýeňiji boldy. 2021-nji ýylda Honda e sitikary, 2020-nji ýylda Porsche Taycan, 2019-njy ýylda bolsa Jaguar I-Pace krossoweri ýeňiji saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Ýylyň iň gowy awtomobili 2022 bäsleşiginiň finalçylary belli boldy
Ýylyň awtomobili — 2022 bäsleşiginiň finalçylary yglan edildi
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Rumyniýany Milli güni bilen gutlady
Geljek gyş paslynda hödürlenjek täze awtomobilleriň bäşligi düzüldi
Milli Goranmak Ministri Akar Özara Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
Hyundai üçegi Gün batareýaly elektrik ulagyny tanyşdyrdy