Türkmenistandan Owganystana elektrik üpjünçiligi baradaky şertnamany 2023-nji ýyla çenli uzaltmak baradaky gepleşikler üstünlikli geçdi diýip, Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat (DABS) elektrik kompaniýasynyň metbugat beýanatynda habar berildi.
Bellenilişi ýaly, 24-nji dekabrda Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň wekili Çary Jumaýew bilen DABS-iň baş direktory Alhaj Mula Muhammad Hanif Hamzanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde ýakyn wagtda elektrik energiýasyny satyn almak baradaky ylalaşyga gol çekmek kararyna gelindi. Şeýle-de duşuşykda kuwwaty 500 kilowolt bolan elektrik geçiriji şahasynyň taslamasy we Hyratdaky Nur-ul-Jehad elektrik bekedini döwrebaplaşdyrmak meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Habar berlişi ýaly, türkmen tarapy Andhoý — Şebergan — Pul Humri ugry boýunça dowam etjek kuwwaty 500 kW bolan elektrik geçiriji taslamasy üçin maliýe we tehniki teklipleri bermäge taýynlanýar.
Ýatlap geçsek, Türkmenistan bilen Owganystan şu ýylyň fewral aýynda Nur-ul-Jehad elektrik bekediniň häzirki kuwwatyny 110-dan 220 kW-a çenli ýokarlandyrmak boýunça ylalaşyga gol çekipdiler.
Ozal Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Türkmenenergo döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Türkmenistandan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek barada Owganystanyň Da Afghanistan Breshna Sherkat kompaniýasy bilen baglaşan şertnamalarynyň möhletlerini uzaltmak hem-de iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini we bahalaryny kesgitlemek barada goşmaça ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berlendigini habar beripdik.