Otag ösümlikleriniň öýüň ýa-da ofisiň howasyny arassalamaga we çyglylygy kadalaşdyrmaga ýardam edýändigi hemmelere mälimdir. Şeýle bolansoň, köp adam penjireleriň öňünde, iş stollarynda gül goýmagy, oňa ideg etmegi kem görmeýär.
Hünärmenler emeli otag ösümligini oýlap tapdylar.Bu ösümlik jaýyň içindäki ýagtylykdan peýdalanyp, fotosintez hadysasyny amala aşyrýar, kömürturşy gazyny 90 göterime çenli azaldýar, şeýle hem kislorod we bioelektrik öndürýär.
ABŞ-nyň Bingemton uniwersitetiniň hünärmenleri durnukly energiýa babatda uly ösüş hasaplanýan açyş etdiler.Olaryň oýlap tapan bu ösümligi diňe adaty ösümlikleriň fotosintezine öýkünmän, eýsem, elektrik energiýasyny hem öndürýär.
Ilkibaşda bu taslama bakteriýa bilen işleýän biobakteriýalar öndürmek üçin başlanypdyr.Alymlar topary bäş sany biologik Gün batareýasyny hem-de fotosintetik bakteriýany ulanyp, emeli ýaprak öndürdi.Soňra bolsa bu ýapragyň has köp maksatlar üçin ulanyp boljakdygy mälim edildi.
Aýjeren MÄMMETMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.