Elektrik energiýasyna isleg ýokarlanýar

Halkara energiýa agentliginiň taýýarlan maglumatnamasynda elektrik energiýasyna islegiň her ýyl ýokarlanýandygy mälim edildi. Maglumatda arassa energiýanyň önümçiliginiň hem artýandygy bellenildi. Global elektrik energiýa bazary onýyllygyň ortalaryndan başlap, Gün energiýasy we batareýalary ýaly arassa tehnologiýalaryň önümçiliginiň görnetin artjakdygy bellenilýär.

2030-njy ýyla çenli öndürilýän elektrik energiýasynyň ýarysy daşky gurşawa az zeper ýetirýän çeşmelerden alnar.

Maglumatlara görä, soňky on ýylda elektrik energiýasyna bolan isleg dünýäde iki esse artypdyr. Bu bolsa dünýäde sarp edilýän elektrik energiýasynyň her ýylda Ýaponiýanyňky ýalyrak artandygyny görkezýär.

Ýazmyrat BÄŞIMOW,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna
Watany goramak - hormat-sarpaly kär
Hytaý kosmos pudagyny ösdürýär
Türkmenfilm birleşiginiň ýolbaşçysy täzelendi
“Nejeboglan” baýramçylyk sowgady
Pürli Saryýewiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan konsert