Germaniýanyň Porsche kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ýahtany tanyşdyrdy. eFantom atly suw ulagy kompaniýanyň SUV modellerinde ulanýan elektroulag tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. Kompaniýa sport ýahtasyny öndürmek üçin Awstriýanyň Frauscher gämi-gurluşyk zawody bilen hyzmatdaşlyk edýär. Frauscher x Porsche eFantom Air atly taslamanyň çäklerinde taýýarlanan ýahta Italiýada synagdan geçiriler.
Taslamanyň çäklerinde Porsche awtoulaglarynyň däp bolan dizaýny elektrik energiýasy bilen bu ýahtada hem ulanylypdyr. Gäminiň öň tarapynda çarçuwasyz, reňkli aýna bolup, kapitanyň oturýan ýeri Porsche awtoulagynyň içine meňzeýär.
Gündelik gezelenç ýahtasy hökmünde işlenip taýýarlanan suw ulagy dokuz ýolagça niýetlenen. Ýahtanyň doly zarýadly batareýasy 100 kilometre, ortaça tizlik bilen gidilende, 2-3 sagada ýetýär.
Suw ulagyndan ilki 25 sanysy öndüriler. Bahasy 600 müň dollara golaý bolan ýahta 2024-nji ýyldan başlap, müşderilere ýetiriler.
Kadyr ORAZMUHAMMEDOW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň talyby.