Elektrik energetikasy we gurluşyk pudaklarynyň ösüşli ýollary

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz aladalary netijesinde, elektrik energetika hem-de gurluşyk pudagy ýylsaýyn özgerýär we onuň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalanýar.Pudaklaryň ösüş meýilnamalaryna laýyklykda, geljekde döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden giňden peýdalanmak boýunça taslamalary durmuşa geçirmek üçin bu işlerde ýerli kompaniýalar bilen birlikde daşary ýurt kompaniýalary bilen hem hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berilýär.

Pudaklaryň ösüş depginlerine ser salanymyzda hem bu ugurlarda ýokary netijeleriň gazanylýandygyny görmek bolýar.“Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013-2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi pudagy ösdürmegiň taryhynda hil taýdan täze döwür boldy.Bu Konsepsiýa laýyklykda, ýurduň dürli sebitlerinde 6 sany täze elektrik stansiýasy guruldy.Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde kuwwatlylygy 1574 MWt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän täze elektrik stansiýasy gurlup, ulanmaga berildi.Bu ýerde dünýäde meşhur “General Electric” amerikan kompaniýasynyň 4 gaz we 2 bug turbinalary ornaşdyryldy.

Iki görnüşli desgalaryň utgaşdyrylmagy goşmaça elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär.Mundan başga-da, ýangyç hökmünde ulanylýan tebigy gazyň harçlanylyşy ep-esli azalýar, howa gidýän zyýanly zyňyndylaryň möçberi 2 3 esse peseldi.Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy Çärjew etrabynda gazturbinaly elektrik bekediniň gurluşygy dowam edýär. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün ediljek, kuwwaty 432 megawat boljak gazturbinaly elektrik bekedi “Sumitomo” ýapon kompaniýasy tarapyndan gurulýar.YmamnazarAndhoý we SerhetabatHyrat elektrik geçirijileri Owganystanyň energetika düzüminiň möhüm bölegine öwrüldi, biziň ýurdumyz goňşy döwlete yzygiderli kömek berýär. 2018-nji ýylyň tomsunda geçirijilik kuwwaty sagatda 100 megawata barabar bolan Rabatkaşan Kalaýnau elektrik geçiriji ulgamy işe girizildi. Şeýlelikde, elektrik energiýasyny goňşy döwletiň demirgazyk etraplaryna ibermegiň ýene-de bir ugry açyldy.Pudagyň hünärmenleri tarapyndan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisi bilen ugurdaş, güýjenmesi 500 kilowolt bolan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan elektrik geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek işleri ýokary depginde alnyp barylýar.Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi türkmen elektrik energiýasyny Owganystan we Pakistan Yslam Respublikalaryna ibermäge mümkinçilik berer.Ýurdumyzda Ahal-Balkan we Balkan-Daşoguz ugurlarynda halkalaýyn ýokary woltly elektrik geçirijileriniň gurluşygyna uly ähmiýet berilýär.Häzirki döwürde ýurdumyzda jemi taslama kuwwaty 6721,6 megawata deň bolan 12 sany elektrik bekedi hereket edýär.

Bu desgalarda 36 gaz we 12 bug turbinalary işleýär.Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar.Bu merkezi Büzmeýiniň döwlet elektrik bekediniň çäginde umumy meýdany 2,60 gektara barabar bolan ýerde gurmak meýilleşdirilýär.“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 20192025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 11 müň 339-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde Parahat ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, Lebap welaýatynda dört sany täze şäherçäniň hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze obanyň, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hassahanalaryň, Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanyldy.Şeýle hem paýtagtymyz Aşgabatda täze döwrebap hem-de innowasion çözgütlere esaslanýan “Smart city” (“Akylly şäher”) taslamasyny durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.200 binadan gowrak bolan ägirt uly toplumy gurmaga bölünip berlen umumy meýdan 744 gektara barabardyr.

Dürli belentlikdäki 12 gatdan 35 gata çenli diňe ýaşaýyş jaýlarynyň 180-sini gurmak maksat edinilýär. Şolardaky öýleriň sany 17 müň 836 bolar.Umuman, tutuş etrap 107 müňden gowrak ilata niýetlenendir. Ýagny, ýakyn ýyllarda Aşgabadyň demirgazygynda dolandyryş binalarynyň, hyzmat ulgamynyň edaralarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň, medeniýet merkezleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de beýleki durmuş maksatly desgalaryň toplumyny özünde jemleýän täze şäher peýda bolar.Täze ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanda ilkinji gezek 30-35 gatly binalar gurlar. Şunuň bilen baglylykda, olaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmegiň tehnologiýalary aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynda gaýtalanýan elektrik kesilmeleri gurbanlyk sadakalarynyň mazasyny gaçyrýar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Gurluşyk we elektroenergetika
27.10.2020 | Gurluşyk-senagat toplumy
24.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika