Özbegistanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Eldor Şomurodow Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň çäklerinde Ispaniýa bilen bolan oýunda taryhy goluň awtory boldy. Hüjümçi birinji ýaryma emin tarapyndan goşulan 3-nji minutda penaltini dürs ýerine ýetirip, Özbegistanyň Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji goluny öz adyna ýazdyrdy.
Eldor Şomurodowyň urgusy bilen hasaby deňländigine garamazdan, Özbegistan 1:2 hasabynda garşydaşyndan asgyn geldi. Pariž şäherindäki Park de Prens stadionynda geçirilen oýunda ispanlaryň düzüminde Mark Pubil we Serhio Gomes tapawutlandylar.
Ýeri gelende bellesek, С toparçada Özbegistan bilen Ispaniýadan başga Müsüriň hem-de Dominikan Respublikalarynyň hem ýygyndylary bar. Özbegistan indiki duşuşygynda 27-nji iýulda Müsür bilen güýç synanyşar. Nant şäherinde boljak oýun Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-da başlanar.
Maglumat üçin, Olimpiýa oýunlarynyň futbol ýaryşy 24-nji iýulda başlanyp, 10-njy awgusta çenli dowam edýär.