Elazyg Wişnýa Mermeri

Elazyg Wişnýa Mermeri

Türkiyäniň Gündogar Anadoly sebitinde ýerleşýän taryhy Elazyg şäheri öz adyny wişnýa reňkine ýakyn gyrmyzy reňkinden alýan “Wişnýa Mermeri” atly mermer bilen dünýä derejesinde tanalýar.Reňkiniň we gurluşynyň aýratynlygy taýdan dünýäde diňe Elazyg welaýatynyň Alajakaýa etrabyndan çykarylýan “Elazyg Wişnýa Mermeri” şäherde bar bolan resmi guramadyr-edaralar bilen hünär edaralarynyň bilelikde ýüz tutmagy netijesinde 2022-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Mermeriň düýbüniň reňki, wişnýa meňzeýän gyzyl-gyrmyzy garyndy bolmak bilen birlikde, ýüzünde dowam edýän ak reňkli damar gurluşlary bardyr. Önümçiligi gadymy wagtlardan bäri dowam edip gelýän Elazyg Wişnýa Mermeri şäheriň ykdysadyýetine möhüm goşant goşýar.

Mermer känlerinden blok ýa-da bölekleýin görnüşde çykarylýan mermer, dünýäniň 4 aýry materigindäki 60 ýurda eksport edilýär.Elazyg Wişnýa Mermeriniň ulanylyş ýerleri örän köpdür.Uly işewür merkezleri bilen binalaryň zemininde, içki we daşarky örtüklerde we bezegleri bilen birlikde, aşhanalaryň we hammamlaryň bezeglerinde, kiçi ýadygärlik önümleriň önümçiliklerinde ulanylýan Elazyg Wişnýa Mermeri, şeýle hem heýkelleriň we mozaikalaryň heýkeltaraşlar tarapyndan sungat eserlerine öwrülýär.

Ýene degişli makalalar

“Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
22.12.2018 | “Ýylyň parlak ýyldyzy — 2018” bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi
Uly Balkanyň özboluşly ösümlikler dünýäsi
2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy
06.02.2018 | 2017-nji ýylyň ýyl ýazgysy: nebitgaz toplumy
Jeýhun“ tankeriniň kapitanynyň uly kömekçisi Serdar Nyýazmämmedow--deňizçiler nesliniň wekilidir