El maşklaryny etmek dyzyňa peýdaly

Maşk etmegiň adam saglygyna peýdalydygy hemmä mälimdir.Eýsem, bedeniň bir bölegini hereket etdirmek, başga bir ýeriňe peýdaly bolup bilermi?Soňky geçirilen barlaglar munuň peýdaly bolup biljekdigini görkezdi.

ABŞ-nyň Tehas uniwersitetiniň alymlary el bilen edilýän maşklaryň dyzdaky agyryny aýyrmaga peýdalydygyny ýüze çykardylar.Barlagy geçirmek üçin dyzy agyrýan 60 zenan we erkek meýletinçä dürli maşklar etdirildi.

Netijede, her gün 20 minut yzygiderli maşk eden adamyň dyz agyrysynyň azalandygy anyklandy.Bu tejribäniň 2025-nji ýyla çenli dowam etdiriljekdigi mälim edildi.Tejribäniň netijesinde el bilen edilýän maşkyň welosiped sürmekden peýdalydygy ýa-da däldigi hem öwreniler.

Şeýle hem alymlar mundan ozal geçirilen el bilen edilen maşkyň ýöremekden has peýdalydygyny öňe sürýän ozalky ylmy barlagy subut etmekçi bolýarlar.

Lukmanlar 20 minut el maşkyny ýerine ýetiren adamyň özüni has şähdaçyk duýýandygyny, şol sebäpli bedeniň islendik ýerindäki agyryny hem az duýmagyna sebäp bolup biljekdigini belleýärler.

Her niçik-de bolsa, özüňe agram salmazdan, talabalaýyk ýerine ýetirilen islendik maşkyň hem adam saglygy üçin peýdalydygy bellenilýär.

Aýbölek GARLYÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Bitaraplyk nusgalyk ýol
Turkish Airlines sentýabr aýynda hepdede iki gezek ýolagçy gatnawyny amala aşyrar, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna täze rezolýusiýany işläp düzmegi teklip etdi, Awazada nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler
Turkish Airlines sentýabr aýynda hepdede iki gezek ýolagçy gatnawyny amala aşyrar, Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasyna täze rezolýusiýany işläp düzmegi teklip etdi, Awazada nobatdaky kenarýaka festiwaly geçiriler Turkish Airlines awiakompaniýasy
Türkmenistanly ýeňil atletikaçy Aziýanyň çagalary sport oýunlarynda altyn medala mynasyp boldy, Azerbaýjan Türkmenistanyň raýatlaryna elektron wiza bermekligi gaýtadan ýola goýdy
Aýbölek kärhanasynda öndürilen mekdep partalary we synp tagtalary Gazagystana iberiler
Ahal-Siti dolandyryş merkeziniň çagalar baglary we mekdepleri Aýbölek kärhanasynyň mebelleri bilen üpjün ediler