Türkmen metbugaty 1-nji oktýabrda Türkmenistanda “Arkadag” medalynyň döredilendigini habar berdi.Bu medalyň döredilen wagty ýurtda nobatdaky Halk maslahatynyň geçirilmeginiň we prezidente “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen adyň dakylmagynyň yz ýanyna gabat geldi.
Synçylaryň käbiriniň pikirine görä, bu Halk maslahaty Serdar Berdimuhamedowyň “şahsyýet kultuna resmi badalga bermegiň sahnasyna öwrüldi”.Azatlygyň habarçylary ýerlerden bu iki wakanyň, şeýle-de Halk maslahatynda Serdar we Gurbanguly Berdimuhamedowlaryň aýry-aýrylykda sözlän, ýöne manylary örän meňzeş sözleriniň “gazanylan üstünlikler” diýilýänleri wagyz etmäge bagyşlanan mejbury çäreleriň galan ýerinden dowam etdirilmegine bir tutaryk’ bolandygyny habar berýärler.
Azatlygyň habarçylarynyň anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjylary “Halk maslahatynyň” ýene “maslahatsyz maslahat”, şeýle-de “halksyz maslahat” bolandygyny, oňa çagyrylan adamlaryň hiç bir täze söz ýa-da pikir aýtmandygyny, aýdyp hem biljek däldiklerini, olaryň halk wekilleri hökmünde görkezilmeginiň ýalňyşdygyny aýdýarlar.
“Halk maslahatyndan soňra welaýatlarda türkmen telewideniýesi üçin yzygiderli ýygnak geçirilýär, bu ýygnaklarda telewideniýede onlarça ýyl bäri gaýtalanan sözler, şol bir wagyz gaýtalanýar” diýip, habarçy aýtdy.
Türkmenistana mahsus bolan syýasy-köpçülik çäreleriniň ählisinde bolşy ýaly, ýygnak geçirilýän jaýlary köp adamly edip görkezmegiň ýeke-täk ýapyşalgasy býujet edaralarynyň işini ýitirmekden gorkýan işgärleri bolup durýar, olar adat bolan mejburlyga ýok diýip bilmejek raýatlaryň ilkinji hataryny düzýär.
Habarçy bilen söhbetde bolan býujet işgäri, adatça bolşy ýaly, öz çagyrylan çäresinde “ýalan-ýaşryk sözler bilen çykyş edilendigini” gürrüň berdi.
Radionyň söhbetdeşiniň aýtmagyna görä, bu çäre diňe telewideniýe üçin taýýarlanýar, onuň ýygnaga gatnaşan, ýalançylygy gören adamlarda nähili pikir döretjekdigi bilen gyzyklanýan ýok.
“Çykyş başlanmanka, zalda oturan adamlary gaýta-gaýta ýerlerinden turzup, hamala sahna biri çykanda edilişi ýaly, olaryň ellerini şowhunly çarpmaklary buýruldy. Bu hereketleri birnäçe gezek gaýtalatdylar” diýip, býujet işgäri aýtdy.
Öňki ýyllaryň tejribesinden belli bolşy ýaly, mejbury çäreler ýörite bellenen režissýorlaryň işläp düzmeginde we oňa gatnaşyjylara berk daramagynda geçirilýär. Megerem şu hili ýagdaýlaryň ýazgy edilmezligi üçin, çärä gatnaşýanlaryň telefonlary hem öçürdildi diýip, Azatlyga gowşan maglumatda aýdylýar.
Azatlygyň habarçylary propaganda, wagyz çäreleriniň diňe telewideniýe üçin guralýan ýygnaklarda däl, mekdeplerde, okuw sagatlarynda hem barha güýçlendirilýändigini habar berýärler.
“Mekdeplerde okuwçylara Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny “gahryman atamyz” diýip tutmagy öwredýärler, onuň ýazan goşgularyny ýat tutup, sapakda aýdyp beren okuwçylaryň geljek çärýeklerdäki bahalarynyň ýokarlanjakdygy aýdylýar” diýip, habarçy gürrüňdeş bolan ene-atalaryna salgylanyp habar berdi.
Şol bir wagtda, radionyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen sada adamlaryň aýtmaklaryna görä, olar telewideniýede ýygnaklar barada berilýän gepleşikleri görmeýändiklerini, diňlemeýändikilerini aýdýarlar.
“Sada halkdan “ýygnagy gördüňizmi?” diýip, gyzyklanyp sorap görsek, hiç bir adamyň ýygnaga gyzyklanmasy ýok eken. “Ýygnaga wagt sarp edeniň peýdasy ýok, hiç ýygnak bir-birinden tapawutlanmaýar, şol bir gaýtalanýan zat” diýip, radionyň söhbetdeşi aýtdy.
Synçylaryň, raýat aktiwistleriniň we hökümdet tankyçtlarynyň köpüsiniň pikirine görä, türkmen telewideniýesi üçin guralýan mejlisler, ýygnaklar we şol bir wagyz sözleriniň gaýtalanyp lenç edilmegi, baýramçylyklara gabat paýlanýan orden-medallar öz-özüňi aldamakdan başga zat däl, olar ýurduň ösüşine, halkyň abadançylygyna hyzmat etmeýär.
Şeýle-de, Wenada ýaşaýan türkmen aktiwisti Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä, kiçi Berdimuhamedowyň “şahsyýet kultuny” güýçlendirmekde has howlukmaçlyk görkezilýän ýaly. “Soň iki gezek gahryman adyny alan Gurbanguly Berdimuhamedow ilki tekluip edilende gahryman adyny almakdan ýüz öwrüpdi, emma onuň ogly ýa başga birleri gaty gyssanýar” diýip, öňki diplomat Azatlyk bilen telefon söhbetdeşliginde aýtdy.
“Bu ýygnak geçirmek... diňe şo bir diýilýän zatlar gaýtalanyp dur. Üýtgeşik bir hiç zat ýok. Serdar Berdimuhamedowyň prezident bolanyna ýaňy bir bir ýarym ýyl. Bir ýarym ýylda üýtgän zady ýok. Şahsyýet kultuny şu mahaldan, birinji ädiminden galdyryp başlaýarlar” diýip, Hanamow aýtdy.
Türkmenistanyň Türkiýedäki we Ysraýyldaky ilçisi bolup işlän ýaşuly aktiwistiň pikiriçe, “bu edilýän zatlar ýurduň aladasam däl, halkyň aladasam däl, [Serdar Berdimuhamedowyň] öz abraýy hem däl”.
Maglumat üçin aýdylsa, Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasy lakamyny göterýän täze “Arkadag” medalyndan öň, 2007-nji ýylda, ýogalanyndan soň, ýurduň ilkinji prezidentiniň hormatyna “Beýik Saparmyrat Türkmenaşy ordeni" döredilipdi.
Synçylar dabaraly ýygnaklaryň we orden-medallaryň alyp baran ýalan syýasaty esasynda dargan sowetleriň awtoritar däplerini dowam etdirýändigini öňe sürýärler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.