Ekwadoryň Prezidentligine Daniel Noboa saýlandy

Ekwadoryň Prezidentligine Daniel Noboa saýlandy

Sesleriň 91,46 göteriminiň sanalan Ekwadordaky saýlawyň gutarnykly bolmadyk netijesine görä, Milli Demokrat hereket partiýasyndan dalaşgär Daniel Noboa sesleriň 52,28 göterimini, çepçi Halk Ynkylaby partiýasynyň dalaşgäri Luisa Gonzalez bolsa sesleriň 47,72 göterimini aldy.

Daniel Noboa eden çykyşynda ertirden başlap täze bir Ekwador üçin zähmet çekmäge başlajakdygyny belläp: "Ertir täze bir umyt başlaýar we ertirden başlap Respublikanyň täze Prezidenti Daniel Noboa işlemäge başlaýar" diýip habar berdi.

Gonzalez netijeler aýan bolmagyndan soň ýeňilişini kabul edip: "Demokratiýa üstünlik gazandy, tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Ekwador ýurduň iň ýaş Prezidentini saýlady
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Nebitiň çykarylmagy üçin halka sala salyndy
Prezident saýlawlarynda öňde barýar
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi