Ekwadorda suw süýşgünlerinde 50 adam dereksiz ýitdi

Ekwadorda suw süýşgünlerinde 50 adam dereksiz ýitdi

Ekwadoryň Alausi şäherine suw süýşgüni geldi diýip, Habar 24 ýazýar. Azyndan 7 adam pida boldy, onlarça adam ejir çekdi diýip, Associated Press habar berýär.

Ýerli ýaşaýjylaryň 50-siniň ykbaly bolsa nämälimligine galýar, olary halas edijiler gözleýärler. Öýleriň onlarçasyna zeper ýetdi. Ýerli ilat göçürildi.

Öň ýurduň sebitleriniň 14-sinde adatdan daşary ýagdaý yglan edilipdi. Suw süýşgünleri käbir köçeleriň ýakasyndaky öýleri ýumurdy. Harabalaryň aşagyndan adamlaryň kömek soraýan seslerini eşitmek bolýar. Gözleg-halas ediş işleri alnyp barylýar. Esasy zat, ýene ýagyş ýagmasa bolýar.

Boliwiýada hem yzyny üzmän ýagýan ýagynlar sebäpli derýalar kenardan agdy, netijede, giden etraplary suw basdy. Ýaşaýjylar howpsuz ýerlere göçürildi.

Pida bolanlardyr ejir çekenler barada habar berilmeýär.

Ýene degişli makalalar

Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Amazon ýurtlarynyň ýygnagy
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Wenesuelada Ugo Çawes aradan çykmagynyň 10-njy ýylynda hatyralandy
Argentina bilen Braziliýa taryhda 2-nji gezek 1 günde ýeňildiler
Braziliýanyň taryhynda ilkinji gezek