Ekwadorda möhletinden öň geçirilen prezident saýlawlarynda “Milli demokratik hereketine” wekilçilik edýän Daniel Noboa ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Milli saýlaw geňeşi habar berdi. Onuň bäsdeşi çepçi “Raýat ynkylaby” hereketinden Luisa Gonsales ýeňilendigini boýun aldy. Sesler sanalandan soň, Noboanyň 52,29%, Gonsalesiň 47,71% ses alandygy belli boldy.
35 ýaşly Noboa ýurduň iň baý işewüriniň ogly bolup, Ekwadoryň taryhynda iň ýaş Prezident bolar. Täze döwlet baştutany şu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda ýa-da dekabr aýynyň başynda wezipesine girişer.
15-nji oktýabrda Ekwadorda nobatdan daşary Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry geçirildi. Ondan öň Ekwadorda geçirilen Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyrynda Luis Gonsalesiň ýeňendigi habar berilipdi. Şol saýlawlarda Daniel Noboa ikinji orny eýeläpdi. Birinji tapgyrda ýeňiş gazanmak üçin dalaşgär sesleriň ýarysyndan gowragyny ýa-da 40%-den gowrak ses almalydy. Bu bolmady, şonuň üçin Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyry yglan edilipdi.