Eksportda rekordlar täzelenmäge dowam edilýär

Eksportda rekordlar täzelenmäge dowam edilýär

Söwda ministri Ömer Bolat Stambulda awgust aýynyň söwda görkezijilerini aýan etdi.

Ömer Bolat Türkiyäniň eksportynyň geçen aý 2,4 göterimlik ösüş bilen 22 milliard 100 million dollara ýetendigini we respublikanyň taryhynda awgust aýynda iň ýokary eksport görkezijisiniň gazanylandygyny habar berdi.

Awgust aýyndaky rekord bilen birlikde soňky 13 aýyň 9-synda eksportyň aý boýunça rekordlar goýulýandygyny aýdan Ömer Bolat, ýyllyk eksportda-da rekordlaryň goýulandygyny belläp: "Respublika taryhymyzyň iň ýokary ýyllyk önüm eksporty hem awgust aýynda amala aşyryldy.

Eksport awgust aýy bilen birlikde 262 milliard dollara ýetdi. 262 milliard dollar ýyllyk önüm eksporty diýmek, soňky 1 ýylda eksportymyzyň 3,5 göterim artdy diýmekdir" diýip habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Ministr Ömer Bolat eksport görkezijileri barada maglumat berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýäniň Eksporty Ösmäge Dowam Edýär
Türk metbugatynyň gysagaça mazmuny
Türkmenistanda “Bir penjire” ulgamy arkaly 20 müňden gowrak arza tabşyryldy
Türkiyäniň Beýik Britaniýa eksporty rekord derejä ýetdi