Türkiýäniň eksporty maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 11,3 göterim artyp 24 milliard 66 million dollara, importy bolsa 10,4 göterim azalyp 30 milliard 568 million dollara barabar boldy.
Türkiýäniň Hasabat guramasynyň we Söwda ministrliginiň görkezijilerine görä, daşarky söwda ýetmezçiligi maý aýynda geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende 48 göterim azalyp 6 milliard 502 million dollara barabar boldy.
Ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde bolsa eksport geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 4,5 göterim artyp 106 milliard 877 million dollara, import bolsa 9,2 göterim azalyp 143 milliard 682 million dollara barabar boldy.
Maý aýynda Germaniýa 1 milliard 902 million dollarlyk önüm eksport edildi.
Germaniýa eksport sanawynda şol mukdar bilen birinji orny eýeledi.
Sanawda Germaniýadan soň 1 milliard 521 million dollar bilen Britaniýa ikinji, 1 milliard 475 million dollar bilen ABŞ üçünji, 1 milliard 148 million dollar bilen Yrak dördünji we 1 milliard 124 million dollar bilen Italiýa bäşinji orny eýeledi.