Kataryň paýtagty Doha şäherinde işe başlan EKSPO — 2023 Doha halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň milli güni geçirildi.
Türkmen metbugatynda habar berlişi ýaly, Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat şygary astynda guralýan halkara bagbançylyk sergisi Ýakyn Gündogar sebitinde we gurak klimatly ýurtda geçirilen şeýle çäreleriň ilkinjisidir.Oňa 80-den gowrak ýurda wekilçilik edýän köpsanly guramalardyr kompaniýalar gatnaşýar.
Serginiň çäklerinde çölleşmä garşy göreşmek we durnukly oba hojalygyny ösdürmek bilen baglanyşykly innowasion çözgütler görkezilýär.Doha şäheriniň Al-Bidda seýilgähiniň çäginde halkara sergi üçin niýetlenen 170 gektara barabar meýdan üç bölege bölünýär. Şolaryň birinjisi dürli ýurtlaryň pawilýonlaryny we baglaryny öz içine alýan Halkara zolakdyr.
Maşgala zolagynda myhmanlara işjeň dynç alyş üçin giň mümkinçilikler döredilen bolsa, Medeni zolakda baýramçylyk çäreleri geçirilýär.
EKSPO — 2023 Doha halkara bagbançylyk sergisiniň çäklerinde Häzirki zaman oba hojalygy, Tehnologiýalar we innowasiýalar, Ekologik habarlylyk we Durnukly ösüş diýen mowzuklar boýunça maslahatlar geçirilip, olaryň maksady çärä gatnaşyjylaryň durnukly ösüş bilen baglanyşykly düşünjelerini artdyrmakdan hem-de howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge çagyrmakdan ybaratdyr.
Halkara bagbançylyk sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonynyň öňünde ýerleşdirilip, türkmen we iňlis dillerinde gök reňkli yşyklar bilen bezelen Suw damjasy — altyn dänesi diýen ýazgynyň bolmagy onuň esasy mowzugyny şöhlelendirýär. Şeýle hem Türkmenistanda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigy goraghanalary gorap saklamak boýunça amala aşyrylýan işler, tebigy we medeni syýahatçylyk zolaklar barada maglumat berilýär.
Durnukly ösüş mowzugy esasynda taýýarlanan milli pawilýonyň landşafty daşky gurşawy, tebigy biodürlüligi gorap saklamak, suw serişdelerini tygşytlamak we tebigy şertlerde arassalamak ýaly iş ýüzündäki tejribelere esaslanyp, ýurtda ösýän agaçlardyr ösümlikler bilen bezelendir.
Bagbançylyk sergileri Halkara sergiler býurosy tarapyndan 1960-njy ýylda ykrar edilip, şondan bäri yzygiderli geçirilip gelinýär.
Halkara bagbançylyk sergisi geçen ýyl Niderlandlar Patyşalygynyň Almer şäherinde Ösýän ýaşyl şäherler diýen şygar astynda geçirildi. Häzirki wagtda Dohada ýaýbaňlandyrylan serginiň işi 179 gün dowam edip, 2024-nji ýylyň 28-nji martynda tamamlanar. Şeýle sergileriň nobatdakysyny 2027-nji ýylda Ýaponiýanyň Iokogama şäherinde Bagtyýarlyk üçin geljekki tebigatyň keşbi diýen şygar astynda geçirmek meýilleşdirilýär.
EKSPO — 2023 Doha halkara bagbançylyk sergisinde Türkmenistanyň milli güni mynasybetli guralan dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşan myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi.