Ekspert: Türkmenistanda ýyllyk inflýasiýa tasdan 300%-e ýetdi

Jon Hopkins uniwersitetiniň praktiki ykdysadyýet boýunça professory we “Problemaly” walýutalar proýektiniň ýolbaşçysy Stiw Henk (Steve H.

Hanke) türkmen manadynyň ýyllyk inflýasiýasynyň grafigini çap etdi, onda bu görkeziji häzirki pursatda 294%-e barabar.Bu meselede Wenezueladaky ýagdaý has ýaramaz, ol ýerde inflýasiýanyň ösüşi 2018-nji ýylyň mart aýynyň aýagynda 6888% boldy.

Giperinflýasiýada, Türkmenistandan uly aratapawut bilen, Sudan üçünji ýerde durýar, bu ýurtda inflýasiýanyň ösüşi 91%-e ýetdi.

Bir ýylda, 2017-nji ýylyň maýyndan bäri, dollaryň “gara bazar” kursy 7 manat bolanlygyndan 25 manada çykdy.

“Azatlyk” radiosynyň maglumatyna görä, 4-nji iýunda dollaryň bahasy 30 manada golaýlady.

Resmi kurs bir dollara 3,5 manat möçberinde saklanyp galmagyny dowam etdirýär.

Ýene degişli makalalar

Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi
Henki: Türkmenistanyň Merkezi bankynyň işini wagtlaýyn togtatmagyň wagty geldi
Iki müň türkmenistanly ABŞ-da gaçybatalga durumy boýunça kazyýet diňlenişigine garaşýar
Ekspert: Türkmenistanda walýutanyň “gara bazardaky” aşa ýokary nyrhy inflýasiýa täsir edýär