Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady

Ekspert: Türkmenistan Günbatara gaz ibermegiň mümkinçiliklerine 'çynlakaý' çemeleşip başlady

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 17-19-njy martda iş sapary bilen Brýusselde bolýar. Bu barada ministrligiň web sahypasy habar berýär.

Resmi maglumata görä, türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde ÝB-niň paýtagtynda ýokary derejeli ýewropa resmileri, işewür toparlary we ýewropa kompaniýalary bilen duşuşýar.

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýärler diýip, döwlet eýeçiligindäki “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron neşiri 18-nji martda Brýusselde Ýewropa Geňeşiniň başlygynyň daşary syýasat boýunça esasy geňeşçisi Saýmon Mordýu bilen geçirilen duşuşykdan soň ýazdy.

Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bir hepde ozal, 10-12-nji mart aralygynda Awstriýada hem iş saparynda boldy.

Metbugat habarlaryna görä, 12-nji martda türkmen wekiliýeti bilen Awstriýanyň işewürler toparlarynyň duşuşygynda Ýewropanyň gaz üpjünçiliginde Türkmenistanyň Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň orny nygtaldy.

Biraz öň, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow martyň başynda Türkiýede geçirilen III Antaliýa diplomatik forumynda eden çykyşynda Türkmenistanyň Türkiýä we Ýewropa tebigy gaz ibermek mümkinçiliklerini mälim etdi. Bu saparyň çäklerinde türkmen lideri türk prezidenti Rejep Taýýip Erdogan bilen ikiçäk duşuşdy, taraplar gaz üpjünçiliginde özara düşünişmek boýunça ähtnama gol çekdiler.

Synçylar türkmen hökümetiniň Ýewropa sebitine gaz ibermek mümkinçiliklerine çynlakaý çemeleşip başlandygyny hem-de Brýusselde, Wenada we Antaliýada geçirilen duşuşyklarda Türkmenistanyň tebigy gaz eksportlaryny Günbatar ugry boýunça giňeltmek meseleleriniň üns merkezine çekilýändigini aýdýarlar.

Berdimuhamedow Antaliýa diplomatik forumynda eden çykyşynda türkmen gazyny Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň we Eýranyň üsti bilen Türkiýe we Ýewropa iberip boljakdygyny aýtdy.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän “Methinks” geňeşdarlyk guramasynyň energetika howpsuzlygy boýunça bilermeni Jon Roberts 17-nji martda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy tarapyndan taýýarlanýan “Mejlis” gepleşigine beren interwýusynda türkmen hökümetiniň, eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalarynyň çäklerinde, Türkiýe we Ýewropa ýurtlary bilen energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Eksperte görä, ýurtlaryň arasynda häzir bar bolan gaz geçirijileriň hödürleýän mümkinçilikleri Türkmenistanyň Günbatar ugry boýunça uly möçberlerde gaz ibermek isleglerini çäklendirýär.

“Türkmenistan elmydama-da biz Günbatara gaz eksport etmek isleýäris, biz hakykatdan-da isleýäris’ diýip gelýär. Ýöne olar ýyllyk kuwwaty 30 milliard kub metr töwereklerinde gaz geçirmäge ukyply bolan ulgamlara isleg bildirip geldiler.

Muňa garamazdan, Türkiýede geçirilen gepleşiklerde Türkiýä, ondan aňry Ýewropa gaz ibermegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylanda, eksporta degişli gazyň deslapky göwrümi, iki milliard kub metr ýaly kiçi möçberler barada gürrüň edildi” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistan Hazar deňziniň, Azerbaýjanyň ýa-da Eýranyň üsti bilen Türkiýä, ondan aňry Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermekçi bolýar, ýyllyk kuwwaty 14 milliard kub metr gaz geçirmäge ukyply bolan Eýran - Türkiýe gaz geçirijisi goşmaça 4 milliard kub metr çemesi gaz akdyryp bilýär.

“Türkler türkmen gazyny import etmäge aýgytly çemeleşýän ýaly bolup görünýär” diýip, Roberts aýdýar.

Russiýanyň Ukrainadaky urşunyň fonunda Ýewropa Bileleşigi özüniň rus gazyna bolan garaşlylygyny azaltmaga synanyşýar we täze energetika çeşmelerine gyzyklanma bildirýär.

Bilermene görä, Türkiýe hem sebitde gaz merkezine öwrülmäge synanyşýar, şol bir wagtda Türkiýe hem uly möçberlerde rus gazyny satyn alýar. Şonuň üçin, türk hökümeti rus gazyna bolan garaşlylygy azaldyp, deňagramlylygy ýola goýmak maksady bilen, energetika çeşmelerini artdyrmaga, şol sanda türkmen gazyny satyn almaga isleg bildirip gelýär.

“Türkmen hökümeti, indi, ýagdaýa realist çemeleşip başlan ýaly bolup görünýär. Olar diňe häzirki täjirçilik şertlerinde Ýewropa ýurtlaryna gaz ibermegiň mümkin boljakdygyna göz ýetirip başlan ýaly bolup görünýär. Häzirki bar bolan täjirçilik şertleri täze infrastrukturalara köp mukdarda harajat sarp edilmegini oňlamaýar. Olar [ýewropanyň potensial energetika hyzmatdaşlary] mümkin boldugyndan bar bolan infrastrukturalardan peýdalanmaly bolýarlar” diýip, britaniýaly ekspert aýtdy.

Ýewropa Bileleşigi Eýranyň gaz geçiriji ulgamlarynyň giňeldilmegini goldamaýar, ýöne 2022-nji ýylyň dekabrynda Bileleşik Günorta gaz koridorynyň Azerbaýjanyň tebigy gazyna degişli bir böleginiň ýyllyk kuwwatyny 10 milliard kub metrden 20 milliard kub metre çenli giňeldiljekdigini yglan etdi.

Britaniýaly bilermeniň sözlerine görä, Türkmenistan uzynlygy 78 kilometre barabar boljak Hazarüsti gaz geçiriji taslamasynyň üsti bilen ilkibaşda kiçi möçberlerde Azerbaýjana tebigy gaz iberip biler. Umumy bahasy 500 million dollara barabar boljak taslama türkmen gazynyň Azerbaýjana iberilmegine, üstaşyr Türkiýä we Ýewropa ýurtlaryna geçirilmegine mümkinçilik berer.

“[Degişlilikde ujypsyz harajat bilen] täze ulgama [Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyna] badalga berip bolar.Ulgama badalga berilse, we transmilli ulgamyň beýleki bölekleri [Günorta gaz koridory] giňeldilse, Türkmenistan hem bu ulgam arkaly iberjek gazynyň göwrümini artdyryp biler.

Meniň pikirimçe, diňe biz däl, türkler hem şu taslamany göz öňünde tutýarlar.Biziň bu taslama gatnaşyp-gatnaşmajakdygymyz hem belli däl” diýip, britaniýaly bilermen aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Jon Roberts Hazarüsti taslamasyna teklip hödürleýän “Transhazar resurslary” amerikan kompaniýasynyň geňeşçi toparynyň agzasydyr.

Synçylar ýewropa banklarynyň gazylyp alynýan energiýa çeşmeleri bilen bagly taslamalary ileri tutmaýandyklaryny aýdyp, Hazarüsti taslamasynyň töweregindäki maliýe meselelerine ünsi çekip gelýärler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2023-nji ýylyň tomsunda ýörite beýanat çap edip, Hazarüsti taslamasynyň öňünde hiç hili syýasy, ykdysady we maliýe päsgelçilikleriniň ýokdugyny aýtdy.

Türkmenistan tebigy gaz gorlarynyň göwrümi boýunça dünýäde dördünji orunda durýar, ýöne häzirki wagtda eksporta degişli türkmen gazynyň agramly bölegini Hytaý satyn alýar.

Türkmenistan Özbegistana, Gazagystana, Eýrana, Owganystana, Pakistana, Hindistana, Azerbaýjana, Türkiýe Respublikasyna, Ýakyn Gündogarda Yraga, şeýle-de Ýewropa sebitine tebigy gaz ibermäge gyzyklanma beýan edip gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Türkmen wekiliýetiniň Brýussele amala aşyran sapary we Hazarüsti taslamasynyň mümkinçilikleri
Putin Aşgabada bardy. Ukraina Türkmenistany ony tussag etmäge çagyrdy
Antalýa howa menzilinde oktýabr aýynda 4 million 714 müň ýolagça hyzmat berildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy