Ekspert: Türkmen hökümetiniň awtoritar häsiýeti ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini bökdeýär

Ekspert: Türkmen hökümetiniň awtoritar häsiýeti ABŞ bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini bökdeýär

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Entoni Blinken 28-nji fewralda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherine sapar edip, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen duşuşdy. Bu duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň baş diplomaty Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretary ministrler duşuşygynyň çäklerinde sebit ýurtlarynyň daşary işler ministrleri bilen, şol sanda türkmen kärdeşi bilen aýrybaşga duşuşyklary hem geçirdi.

“Döwlet sekretary Entoni Blinken C5+1 ministrler duşuşygynyň çäklerinde, şu gün, Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Sekretar Blinken Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine Birleşen Ştatlaryň goldawyny nygtady, hem-de 30 ýyldan gowrak bolan ABŞ-Türkmenistan gatnaşyklaryny mübärekledi” diýip, 28-nji fewralda Döwlet departamentiniň metbugat sekretary Ned Praýsyň çap eden beýanatynda aýdylýar.

Türkmenistanyň daşary işler ministrligi ABŞ we Türkmenistan wekiliýetleriniň Astanadaky duşuşygy barada heniz beýanat çap etmedi.

“Iki lider klimat krizisi, howpsuzlyk we ykdysady ösüş başlangyçlary boýunça hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdy” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň beýanatynda aýdylýar.

Duşuşykda Meredow iki ýurduň arasynda ýola goýlan ikitaraplaýyn geňeşmeler mehanizminiň netijelidigini aýtdy we şeýle duşuşyk mümkin boldugyndan, ýakyn wagtda geçirilse özüniň minnetdar boljakdygyny aýtdy.

“Sebäbi bize hakykatdan hem möhüm meseleler, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk, hususan-da sebit meseleleri hakynda gepleşmek gerek” diýip, türkmen ministri amerikan kärdeşine aýdypdyr.

Eýsem, ABŞ-nyň Türkmenistanyň özygtyýarlylygyna, garaşsyzlygyna we territorial bitewiligine goldaw beýan etmegine nähili düşünmeli? ABŞ bilen Türkmenistanyň arasynda haýsy ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik bar?

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ekspert, Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory Luka Ançeski 1-nji martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygy, garaşsyzlygy we territorial bitewiligi barada ABŞ-nyň gaýta-gaýta nygtaýan ygrarlylygyna we türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň mümkinçiliklerine syn berdi.

Blinkeniň öňki sowet respublikalary bolan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny ýene bir gezek nygtamagy Russiýanyň post-sowet Ukrainada esassyz çozuşyny dowam etdirýän wagtlaryna gabat gelýär. Galyberse-de, Blinkeniň sebite amala aşyrýan sapary Russiýanyň Ukrainadaky esassyz agressiýasynyň birinji ýyl dönüminiň yz ýanyna gabat gelýär.

“Meniň pikirimçe, adat bolşy ýaly, biz ritorikany reallykdan tapawutlandyrmaly. Ritorika örän jaýdar, elbetde, bilşimiz ýaly Russiýa post-sowet giňişligindäki beýleki bir ýurda, [Ukraina] çozýar, olar ukrain medeniýetini, ukrain milletini, we şol bir wagtda döwletini ýok etmäge çalyşýarlar. Şol sebäpden, meniň pikirimçe Birleşen Ştatlaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özbaşdaklygy baradaky bellikleri ritoriki jähtden şonuň bilen baglanyşyklydyr” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistanyň hökümeti Moskwa Ukraina goşun girizeli bäri, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Russiýanyň agressiýasy ýazgarylyp geçirilýän ses berişliklere gatnaşmaýar.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Entoni Blinken Russiýanyň Ukraina goşun girizmeginiň yz ýany, 2022-nji ýylyň 28-nji fewralynda Merkezi Aziýanyň baş diplomatlary bilen wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyp, rus çozuşyny ýazgardy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri bu duşuşyga gatnaşmady.Munuň yz ýany, 2022-nji ýylyň 1-2-nji mart aralygynda ABŞ-nyň we Türkmenistanyň wekiliýetleri wideo aragatnaşyk arkaly ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirdi.

Bu duşuşykda hem ABŞ wekiliýeti Russiýanyň Ukraina esassyz çozuşyny ýazgarmagyň ähmiýetini nygtady.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ekspert Luka Ançeski Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeşlikde dünýäde we sebitde dowam edýän wakalaryň fonunda ABŞ-nyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özygtyýarlygyny, garaşsyzlygyny we territorial bitewiligini nygtamagynyň manysyny düşündirdi.

“Hakykat ýüzünde türkmen hökümeti, Türkmenistan Russiýanyň ýa-da Talybanyň’ çozuş howpy astynda däl. Şol sebäpden, [Birleşen Ştatlaryň bellikleri] abanýan takyk howp barada däl-de, ritorika äheňli ýaly bolup eşidilýär” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmen hökümeti hususan-da soňky bir ýylyň dowamynda Russiýanyň awtoritar hökümeti bilen syýasy we söwda-ykdysady ugurlarda we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy artdyrdy.Türkmenistanyň awtoritar hökümeti hem edil Russiýa ýaly öz raýatlarynyň hukuklaryny ezmekde, ynsan hukuklaryny depelemekde berk tankyt edilýär.

Ekspertiň ynanjyna görä, türkmen halky häkimiýetleriň basgylamalaryndan has köp ejir çekýär, ABŞ resmileri türkmen hökümetiniň wekilleri bilen duşuşyklarda ýurduň özygtyýarlylygyna we territorial bitewiligine goldaw beýan etmeli bolýar.

“Birleşen Ştatlar şeýle ritorikany ulanmaly bolýar, ýöne hakykat ýüzünde olar awtoritarlyk babatda, megerem, Russiýa bilen deň-derejede awtoritar hökümet bilen [türkmen hökümeti bilen] gepleşýärler” diýip, ekspert aýtdy.

Meredow Blinken bilen duşuşykda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda “ikitaraplaýyn geňeşmeleri mümkin boldugyndan çalt geçirmegiň zerurdygyny” nygtady we “möhüm meseleleri gepleşmek gerek” diýdi.

Eýsem, türkmen hökümeti hususan-da daşary syýasatda ynsan hukuklaryny we demokratik gymmatlyklary götergileýän ABŞ bilen haýsy ugurlarda hyzmatdaşlyklary giňeldip biler!?

ABŞ-nyň Döwlet departamenti türkmen wekiliýeti bilen Astanada geçirilen duşuşykda howanyň üýtgemegi, howpsuzlyk we ykdysady ösüş başlangyçlary ýaly ugurlaryň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Merkezi Aziýa meseleleri boýunça ekspert Luka Ançeski Azatlyk Radiosyna beren synynda käbir ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge mümkinçilikleriň bardygyny, ýöne Türkmenistanyň hökümetiniň awtoritar gün tertibiniň ABŞ bilen hyzmatdaşlyklaryň giňeldilmegini bökdeýändigini aýtdy.

“Men, hususan-da Türkmenistan babatda, awtoritar režimiň höküm sürýän ýerinde Birleşen Ştatlaryň hyzmatdaşlyk edip biljek haýsydyr bir ugruny göz öňüne getirip bilmeýärin” diýip, ekspert aýtdy.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Entoni Blinken Gazagystandan soň, beýleki bir Merkezi Aziýa ýurduna, Özbegistana sapar edýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Baýram diplomatiýasynyň gaýrasy: Türkmen, türk döwlet ýolbaşçylary birek-biregi Oraza bilen gutlady
Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet başyna geçenine 15 ýyl dolýar
Türkmenistan: irki prezidentlik saýlawlary türkmen režiminiň dowamatynyň’ kepilimi?