Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'

Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'

Russiýanyň Ukraina garşy alyp barýan esassyz çozuşy dowam edýän mahaly, rus energiýa serişdeleriniň importyny azaltmagy meýilleşdirýän Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazyna bildirýän gyzyklanmalarynyň artýandygy baradaky habarlaryň arasynda, Kreml Türkmenistanyň döwlet ýolbaşçylary bolan ataly-ogul Berdimuhamedowlar bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrýar.

Synçylar Kreml bilen Oguz han köşgüniň arasynda ýygjamlaşýan mähirli gatnaşyklary gyşyň öňüsyrasynda Ýewropa Bileleşiginiň gaz importyny diwersifikasiýalaşdyrmak tagallalaryna Russiýa tarapyndan belli bir derejede päsgelçilik döretmek synanyşygy hökmünde häsiýetlendirýärler.

Moskwa bilen Aşgabadyň arasyndaky gatnaşyklary baýlaşdyrýan’ wakalaryň gysgaça hronologiýasyna görä, hususan-da soňky bir hepde iki ýurduň ýokary derejeli resmileriniň arasyndaky mähirli’ aragatnaşyga şaýat boldy.

Türkmen metbugaty 29-njy awgustda Russiýanyň Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, eks-prezident Gurbanguly Berdimuhamedow bilen telefonda gürleşendigini habar berdi. Matwiýenko söhbetdeşligiň dowamynda Berdimuhamedowy Russiýanyň döwlet sylagy bilen sylaglanmagy mynasybetli gutlady. Şeýle-de, ol Gurbanguly Berdimuhamedowy Moskwa sapara çagyrdy.

Şondan iki gün ozal, 27-nji awgustda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň IV derejeli “Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin” diýen ordeni bilen sylaglady.

Synçylar Russiýada köplenç rus resmilerine ýa-da tanymal russiýaly şahslara gowşurylýan sylagyň daşary ýurt döwletiniň syýasy liderine, Gurbanguly Berdimuhamedowa gowşurylmagyny dessine sorag astyna aldy.

Karnegi ylmy merkeziniň ylmy barlagçysy Temur Umarow özüniň Twitter sahypasynda Berdimuhamedowa gowşurylan ordeni teswirledi:

“Wladimir Putin Türkmenistanyň eks-prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy Dördünji derejeli Watanyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin’ ordeni bilen sylaglady. Bu geň, sebäbi bu orden köplenç ikinji derejeli rus resmilerine ýa-da tanymal şahslara berilýär, ýöne daşary ýurt döwletleriniň liderlerine berilmeýär. Näme üçin şu wagt?” diýip, barlagçy Twitterde ýazgy galdyrdy.

Ol Merkezi Aziýa boýunça synçynyň sözlerine salgylanyp, bu sylag bilen baglylykda iki çaklamany özüniň Twitter hasabynda galdyrdy:

“... 1. [Ýa] Berdimuhamedow Russiýa sapar eder we çakylyk üçin bahana gerek, [ýa-da] 2. Berdimuhamedowyň çynlakaý saglyk problemalary bar we bu sylag ony begendirmeli” diýip, ol ýazdy.

Synçylaryň çaklaýşy ýaly, Berdimuhamedowa sylag gowşurylmagynyň edil yz ýany, Russiýa Gurbanguly Berdimuhamedowy Moskwa sapar etmäge çagyrdy. Şeýlelikde, synçylaryň birinji çaklamasy hakykata gabat gelen ýaly boldy.

Bulardan başga-da, 29-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “Gazprom” kompaniýasynyň başlygy Alekseý Miller bilen Aşgabatda duşuşdy.

Türkmen metbugatynda duşuşygyň yz ýany peýda bolan habarlara görä, “Gazprom” türkmen gazyny satyn almagy dowam etdirmäge isleg bildirýär. Bellesek, “Türkmengaz” bilen “Gazpromyň” arasynda 2019-njy ýylda baglaşylan ylalaşyk esasynda Russiýa Türkmenistandan her ýyl 5,5 milliard kub metr töweregi türkmen gazyny satyn alýar.

Biraz yza dolansak, iýunyň ahyrynda Putin özüniň girişen Ukraina urşundan bäri ilkinji gezek daşary ýurtlara amala aşyran saparlarynyň çäginde, Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününe gabatlap Aşgabatda geçirilen VI Hazar sammitine gatnaşmak üçin, Türkmenistana bardy we uly Berdimuhamedowa 65-nji doglan güni mynasybetli “Yza gaýdyp gelýän çapyksuwar heýkelini” hem-de küşt we iki sany gylyç sowgat berdi.

Türkmenistanyň prezidenti wezipesini mart aýynda kakasy Gurbanguly Berdimuhamedowdan kabul edip alan 40 ýaşly Serdar Berdimuhamedow özüniň ilkinji daşary ýurt döwletine amala aşyran resmi saparynyň çäginde 10-njy iýunda Moskwa bardy we Putin bilen duşuşdy.

Iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar Ukraina garşy girişen esassyz çozuşynyň yz ýany, Moskwanyň halkara sanksiýalar bilen ýüzbe-ýüz bolup, Ýewropa Bileleşiginiň rus energiýa serişdelerine garaşlylygy kemeltmek maksady bilen gaz import ugurlaryna gaýtadan garaýan wagtynda ýygjamlaşýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan, hökümetiň ümsümligine garamazdan, indi ençeme ýyl bäri tebigy gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny gurmak arkaly Ýewropa Bileleşigine gaz satmagyň mümkinçiliklerine gyzyklanma bildirýär.

Ýewropa Parlamenti we Bileleşige agza ýurtlaryň parlamentleri Türkmenistanda ynsan hukuklarynyň ýagdaýyna salgylanyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda 1998-nji ýylda gol çekilen Partnýorçylyk we hyzmatdaşlyk şertnamasyny tassyklamasa-da, Ukrainada barýan rus agressiýasynyň fonunda Bileleşik, özüniň rus gazyna garaşlylygy azaltmak tagallalarynyň çäginde, dünýäniň beýleki gaz bazarlaryna, şol sanda türkmen gazyny satyn almaga gyzyklanma bildirip gelýär.

Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany Günorta gaz koridoryna goşulmaga çagyryp gelýär. Munuň bilen, Trans-Anadolu we Trans-Adriatik gaz geçirijilerini öz içine alýan ulgama Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny hem goşmak meýilleşdirilýär.

Jemgyýetçilige mälim bolan şeýle tagallalaryň iň soňkusy iýulyň başynda Aşgabatdan habar berildi. Türkiýeniň wise-prezidenti Fuat Oktaý iýulyň başynda Aşgabada amala aşyran saparynyň dowamynda Türkmenistanyň gazyny Türkiýä eltmegiň üç ugrunyň, şol sanda TANAP gaz geçirijisine birikdirmegiň ugurlarynyň işlenilip düzülýändigini yglan etdi. TANAP gaz geçirijisi Türkiýeden aňry Ýewropa ýurtlaryna çykýar.

Ýöne Russiýa şu wagta çenli esasan Hazar deňziniň daşky gurşaw aladalaryna salgylanyp, Türkmenistanyň Hazarüsti taslamasyna garşylyk beýan edip gelýär.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer 30-njy awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Russiýanyň başlangyjy bilen Türkmenistan aradaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşdyrylmagynyň aňyrsynda türkmen gazynyň Ýewropa bazarlaryna çykarylmagynyň öňüni almak synanyşygynyň bardygyny aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, Russiýa 2016-njy ýylda türkmen gazyny satyn almakdan dolulygyna ýüz öwürdi. Munuň yz ýany, Türkmenistanyň ilaty agyr ykdysady krizise sezewar boldy. Ýöne Russiýa üç ýyl soň, Türkmenistan bilen energiýa söwdasyny gaýtadan dikeltdi. Ýöne şonda-da, Türkmenistanda ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan ykdysady kynçylyklary onçakly egsilmedi.

“Näme üçin [Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky] gatnaşyklar häzirki wagtda has-da gowulaşýar?Muny Ukrainada barýan uruş bilen düşündirmeli bolýar.Russiýa häzirki wagtda Ukraina bilen alyp barýan urşunyň töweregindäki ýagdaýlar babatda, beýleki köp sanly ýurtlar ýaly, uly kartina seredýär.

Rus nukdaýnazaryndan bu kartinanyň bir bölegi Ýewropa Bileleşigi üçin ýagdaýlary boldugyndan kynlaşdyrmak bolup durýar.Sebäbi, bilşimiz ýaly Ýewropa Bileleşigi Moskwa sanksiýa girizdi.Bilşimiz ýaly, Ýewropa ýurtlarynda soňky wagtlarda, hususan-da soňky birnäçe hepde bäri, tebigy gazyň, nebitiň, benziniň bahalary örän ýokarlanýar.

Bular Russiýanyň [ýewropalylara] etmek isleýän basyşlarynyň bir bölegi bolup durýar.Indi, ozaldan bäri Hazarüsti gaz geçirijisi barada, türkmen gazyny Azerbaýjana iberip, ondan aňry Ýewropa satmak barada gürrüňler barýar. Şeýle pikirler Ýewropada hem meşhurlyk gazanýar, bärde köp adam özleriniň indi satyn almaýan rus gazyny başga çeşmeler bilen, türkmen gazy bilen çalyşmagyň ugurlary barada gürrüňler edýär.

Russiýanyň birdenkä Türkmenistan bilen has mähirli’ gatnaşyklara ymtylmagy, şek-şübhesiz, şu mesele bilen bagly bolup durýar” diýip, bilermen çürt-kesik aýtdy.

Energiýa serişdelerine baý Türkmenistan öz gazyny esasan Hytaýa iberýär. Ýöne türkmen resmileri soňky wagtlarda pakistan resmileri bilen geçirýän duşuşyklarynda we owganystanly dolandyryjylar bilen geçirýän gepleşiklerinde Türkmenistan Owganystan Pakistan Hindistan gaz geçiriji taslamasyny hem gün tertibine getirmäge çalyşýarlar. Ýöne şol bir wagtda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny agzamakdan çetde durýarlar.

Has ozal, iýunda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Britaniýanyň Glasgow uniwersitetiniň professory, Ýewraziýa boýunça bilermen Luka Ançeski Günbatar ýurtlarynyň rus gazyndan ýüz öwürmek synanyşyklarynyň arasynda türkmen gazynyň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmak ugrunda mümkinçiligiň emele gelendigini, ýöne, “gynansak-da, bu ugurda türkmen elitasynyň onçakly içgin gyzyklanma bildirmeýändigini” gürrüň beripdi.

“...Häzir Türkmenistanda öndürilýän gaza talap bar, ýöne ýurduň elita gatlagy muňa hiç hili reaksiýa görkezmeýär. Meniň pikirimçe, bu Türkmenistan üçin nobatdaky elden giderilen pursat bolar” diýip, şonda bilermen aýtdy.

Brýus Panniýer 30-njy awgustda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Hazarüsti gaz geçiriji taslamasyny durmuşa geçirmegiň, ony gurmagyň uzaga çekmejekdigi barada, hatda birnäçe aýyň içinde onuň gurluşygyny tamamlamagyň mümkinçilikleri barada gürrüňleriň edilýändigini belledi.

Şol bir wagtda, bilermen Kreml bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmagyň häzirki türkmen elitasy üçin, hususan-da Berdimuhamedowlar maşgalasynyň häkimiýetini berkitmegi üçin zerur we amatly bolup durýandygyny aýtdy.

“Elbetde, bu Berdimuhamedowlar maşgalasy üçin hem möhüm bolup durýar. Sebäbi, olar şek-şübhesiz Russiýadan Serdar Berdimuhamedowy prezident hökmünde goldamak babatda, eger-de ol nähilidir bir mesele bilen ýüzbe-ýüz bolan halatynda, Kremliň goşulyp, ony häkimiýetde saklamaga ýardam berjekdigi barada kepillik alýarlar. Bu bolsa, Serdar üçin-de, onuň kakasy üçin-de gowy habar” diýip, Panniýer aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

ÝB bilen Türkmenistan türkmen gazyny Ýewropa akdyrmak boýunça çarçuwaly ylalaşygyň üstünde işleýär
Roberts: Türkiýe bilen Azerbaýjanyň arasyndaky täze gaz ylalaşygy Hazarüsti taslamasy üçin oňyn habar
'Meredow Azerbaýjandan sowlup geçýän, Eýrany ileri tutýan gaz geçelgesini öňe sürüp, Türkiýä barýar'
Slowakiýanyň Premýer-ministri Moskwa Bardy
Putin 18-19-njy awgustda döwlet sapary bilen Azerbaýjana barar
Mahmud Abbas Russiýada Saparda Bolar