Diňe mobil enjamlary däl, eýsem ekran önümçiliginde hem öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan “Samsung” AMOLED ekran önümçiligindäki üstünligini dowam etdirýär. “IHS Markit” barlag şereketi 2019-njy ýylyň üçünji çärýegine degişli maglumatlary ýaýratdy.
Degişli döwürde smartfon ekranlarynyň 29 göterimini “Samsung” öndüripdir. Ýylyň ikinji çärýeginde bu görkeziji 21,3 göterim bolan eken. “Samsung” ýylyň üçünji çärýeginde jemi 146 million, ikinji çärýekde 93 million sany AMOLED ekran satypdyr. “Apple”, “Huawei”, “Oppo”, “Vivo” we “Xiaomi” öz mobil enjamlarynda AMOLED tehnologiýasyndan peýdalanýar.
Bilermenler AMOLED tehnologiýasyna islegiň has hem ýokarlanjakdygyny, koreý brendiniň bu islegden peýdalanmagyny dowam etdirjekdigini belleýärler.BOE, “Japan Display”, “HannStar”, “LG Display”, “Innolux”, “Visionox”, “ChinaStar”, “Tianma” we “EverDisplay” ýaly şereketler mobil enjamlaryň ekranlaryny öndürýär.
AMOLED (Active-Matrix Organic Light-Emitting Diode) tehnologiýasy soňky wagtlarda satuwa çykarylýan mobil enjamlaryň köpüsinde oturdylýar. Bu tehnologiýa wagtyň geçmegi bilen häzir bar bolan LCD, LED we OLED ekranlaryň ýerini alar.
AMOLED ekran tehnologiýasyny “Samsung” işläp taýýarlan hem bolsa, beýleki kompaniýalar tarapyndan hem ulanylýar. AMOLED ekranlarda her bir piksel aýratynlykda ýagtylandyrylyp, surat emele getirilýär. Bu ekranlar beýleki ekranlardan tapawutlylykda, esasan hem, goýy reňkleri has dury görkezýär.