Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň howandarlygynda çärýekde bir gezek neşir edilýän Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak“ ylmy-populýar žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Türkmen, rus, iňlis dillerinde çykýan neşirde halkara ekologiýa wakalary, şeýle hem tebigaty goramagyň möhüm ugurlary beýan edilýär.
Žurnalyň täze sany güýzki bag ekmek çäresine bagyşlanan makala bilen açylýar. Teswirlemeleriň biri ýurdumyzda 2013-nji ýylda girizilen hökmany ekologiýa ätiýaçlandyrmasyna bagyşlanypdyr. Ol daşky gurşawa zelele berip biljek hojalyk işleri ýerine ýetirrilende hökmany şert bolup durýar.
Şeýle hem žurnalda Türkmengaz“ Döwlet konserniniň hünärmeniniň gaz senagatynda suw serişdelerini goramak, hususan-da, gaz bilen bileikde çykýan, şeýle hem mawy ýangyç“ senagat taýdan işlenilende döreýän gatlaklardaky ýa-da kondensasiýa suwlaryny garyndylardan arassalamak barada makalasy ýerleşdirilipdir. Şol suwlary howply we zäherli garyndylardan arassalaýan köp basgançalykly tehnologiýalar bar. Türkmenistanyň Nebit we gaz ministrliginiň ylmy işgärleri şu meseleleri çözmek bilen meşgullanýarlar.
Makalalaryň biri türkmen tebigatynyň özboluşly künjegi bolan Hazar goraghanasyna bagyşlanypdyr, şu ýyl onuň döredilenine 85 ýyl doldy. Şu döwürde deňziň we kenarýakasynyň ösümlik we haýwanat düýäsi öwrenildi we saklanyldy, muňa bagyşlanan makalalaryň ýüzlerçesi çap edildi, Tebigatyň ýyl ýazgysy“ atly ýyllyk neşiriň 43 jilti taýýarlanyldy.
Hazar deňziniň aýlaglarynda suwda ýüzýän we suwa golaý ýaşaýan guşlar üçin iýmitiň köplügi sebäpli olar bu ýerde mekan tutýarlar we gonalga gelýärler, şonuň üçinem Türkmenbaşy hem-de Demirgazyk Çeleken aýlaglary halkara ähmiýetli suwly-batgalyk ýerleriň Ramsar Sanawyna goşuldy. 2008-nji ýylda Türkmenistan Hazaryň tebigatyny goramagy dowam etmek bilen özbaşdak döwlet hökmünde Ramsar konwensiýasyna goşuldy.
Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky Döwlet komitetiniň Hazaryň ekologiýasyna gözegçilik gullugynyň hünärmenleri deňiz we ýerasty suwlarň arassalygyna gözegçilik edýärler.
Oba senagat toplumynyň ösdürilmegi bilen daşky gurşawa täsir edýän organiki galyndylar hem köpelýär. Maldarçylykdan alynýan organikany galyndysyz gaýtadan işlemek boýunça täze tehnologiýanyň ulanylmagy ösümlikleriň ösüşine ýardam edýän düzüminde bioazot bolan biogaz we biodökün almaga mümkinçilik berýär. TYA-nyň Gün energiýasy institutynyň alymlary şeýle teklip bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem ekologiýa žurnalynyň sahypalarynda Köpetdagyň bezegi bolan arça tokaýlary barada hem makala bar, Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri olaryň ýagadaýyny, tebigy taýdan tohumlanyp täzelenmegini, zyýan beriji mör-möjeklere durnuklylygyny, şeýle hem mör-möjekleriň bir görnüşi bolan göniganatlylar maşgalasyndan Garagumuň we Gyzylgumuň jeňňelleriniňdir sazaklygynyň teneçirlerini ylmy taýdan öwrenýärler. Çöl ekoulgamynyň dominaty, şeýle hem göçýän çägeleri berkitmekde adamyň tebigy we ekologiýa taýdan hoýsuz kömekçisi bolan Repetekdäki sazaklary goramagyň ýollaryna bagyşlanan makala hem şu mowzugy dowam edýär. Žurnalyň täze sanynyň makalalarynyň ählisinde türkmen topragynyň köpdürlüligini we onuň gözel ýerleriniň özboluşlylygyny görkezýän owadan fotosuratlar bar.