Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň howandarlygynda çärýekde bir gezek çykýan Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak ylmy-populýar žurnalyň nobatdaky sany halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanypdyr.Neşir oba hojalyk we ekologiýa dolandyryş edarasynyň hünärmenleri Jumamyrat Saparmyradowyň we Berdi Berdiýewiň makalasy bilen açylýar, olar okyjylar köpçüliginiň ünsüni ýurduň ekologiýa konwensiýalarynyň düzgünlerini berjaý edişine çekýärler.
Awtorlaryň belleýşi ýaly, Türkmenistanda goraghanalaryň 9-sy we çäkli goraghanalaryň 16-sy hereket edýär, şeýle hem özboluşly tebigy ýadygärlikler bar.Tebigaty goraýyş massiwlerinde ösümlik we haýwanat dünýäsini öwrenmek, ösümlikleriň, haýwanlaryň hasabaty dowam etdirilýär.
Repetek biosfera goraghanasy olaryň iň baýrysydyr, onda 100 ýyldan gowrak mundan ozal ylmy barlaglar geçirilip başlandy, iň täzesi bolsa, 2013-nji ýylda döredilen Bereketli Garagum goraghanasydyr.Tähran konwensiýasy bilen özara gatnaşyklar boýunça milli işgär Gözel Orazdurdyýewanyň makalasy Hazar tematikasyna bagyşlanypdyr.
Onda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň seneleri getirilýär.Ilkinji sammit 2002-nji ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda geçirlipdi, ol döwletara özara hereketiň täze görnüşini kemala getirdi.Soňkusy -- bäşinjisi 2018-nji ýylda Gazagystanyň Aktau şäherinde geçirildi.
Onuň jemleýji Kommýunikesinde Türkmenistanyň Prezidentiniň HYF-y geçirmek baradaky başlangyjy beýan edildi, şeýle hem Aktau sammitiniň netijesi boýunça Hazar deňziniň hukuk derejesi barada Konwensiýa gol çekildi. Ýokary derejeli Hazar gepleşikleriniň 17 ýyllyk taryhynda dürli resminamalara, şol sanda türkmen Lideriniň başlangyjy bilen öňe sürlen resminamalara gol çekildi.
Olar Hazaryň biologik serişdelerini saklap galmak we olardan rejeli peýdalanmak barada Ylalaşyk, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýlary duýdurmak we olary aradan aýyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyk barada Ylalaşykdyr. Ýurdumyz Aşgabatda duşuşyklaryň birnäçesini geçirip, beýleki Ylalaşyklary taýýarlamaga-da gatnaşdy.
Awtor şol döwrüň dowamynda Hazar konwensiýasynyň düzgünlerini ara alyp maslahatlaşmak bilen birlikde sebitiň daşky gurşawy goramak dolandyryş edaralarynyň ekologiýa ulgamynda özara hereketiniň dowam edenligini belleýär. Şunuň netijesinde 2003-nji ýylda Tähran konwensiýasyna gol çekildi.
Türkmenistan Hazarýaka döwletlerden ilkinji bolup bu resminamany tassyklady.Konwensiýa Hazaryň ekologiýa meselesini çözmäge toplumlaýyn çemeleşmeleri beýan eden ilkinji sebit resminamasy boldy.Häzirki wagtda oňa nebit bilen zaýalanmaklyga getirýän hadysalara sebit taýýarlygy, oňa seslenmek we bu babatda hyzmatdaşlyk; Hazar deňzini ýerüsti çeşmeleriň zaýalanmagyndan goramak; bioköpdürlüligi gorap saklamak ýaly goşmaça Protokollar kabul edildi.
Türkmenistanyň Mejlisi soňky iki resminamany tassyklady.Häzirki wagtda monitoring, baha bermek we maglumaltlary alyşmak boýunça Protokol taýýarlanylýar.Awtor Konwensiýanyň çäklerinde Daşky gurşawyň monitoringi maksatnamasynyň durmuşa geçirilýändigini belleýär, onuň maksady suwuň we deňiz düýbüniň gatlaklarynyň hiliniň sebit ölçeglerini sazlaşdyrmakdyr, deňiz zibilleriniň meseleleri boýunça hereketleriň meýilnamasy işlenilip taýýarlanylýar.
Sebitiň bilermenleri Hazaryň daşky gurşawynyň ýagdaýy barada ikinji Hasabaty çapa taýýarladylar.Suw hojalygy döwlet komitetiniň Türkmensuwylymtaslama taslama institutynyň hünärmeni Gurbanýaz Hommadow çöl ösümlikleriniň Türkmen kölüniň zeýkeş-zeýakaba ugrundan özüne goşmaça yzgar çekmäge ukyby barada gürrüň berýär.
Awtor güýzki-ýazky ygallaryň diňe bir ýyllyk ösümlikler üçin ýeterlikdigini, köpýyllyk agaçlaryň gündizki we gijeki howanyň üýtgemeginden döreýän çygdan özüne yzgar alýandygyny düşündirýär.Alym Türkmen kölüniň ekoulgamlara tutuşlygyna oňaýly täsir edýändigini, suwuň töwereginde guşlaryň baş sanynyň, zeýkeş-zeýakabalarda balyklaryň, kanalyň töweregindäki ýerlerde ösümlikleriň, aýratynam sazagyň köpelendigini belleýär. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň (ÇÖHDMI) direktory Muhammet Durikow Türkmenbaşy aýlagynyň akwatoriýasynda döredilen täze ada barada gürrüň berýär.
Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hünärmenleri hem-de TYA-nyň alymlary täze ekoulgamda bilelikde barlaglar geçirýärler.Bary-ýogy iki ýylda emeli adanyň 70 göterim ýerinde ösümlikler gögerdi.
Häzirki wagtda adada selme, guşgözli, buýurgan, şyrtak, şoralaryň dürli görnüşleri ösýär.Bu ýeriň haýwanat dünýäsi-de baýlaşýar, ownuk-uşak mör-möjeklerdir oňurgasyz jandarlardan başga-da, zähersiz deňiz suwýylanlary, şeýle hem guşlar mekan tutunypdyrlar.
Alymlar adada we kenarýaka suwlarda olaryň 80 görnüşini ýüze çykardylar.
Antropogen täsiriň bolmazlygy guw sürüleriniň peýda bolmagyna getirdi, barak, gyzylinjik, deňiz bürgüdi, gamyş ýa-da batga gulatysy, ördekler, çarlaklar, hokgarlar, çuluklar, serçeler hasaba alyndy.Bu ýerde akbaş we garabaş dag geçiguşy, deňiz kebezi höwürtge edinýär, garlawaç we gara çuluk möwsümleýin ötegçi döwürleri bu ýerde iýmitlenýärler. Žurnalyň beýleki bir temasy seýrek duşýan teňňe ganatlylary (kebelekleri) öwrenmäge bagyşlanypdyr, olary Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze goýberilişine goşmak teklip edilýär.
Häzirki wagtda biologlar ýurdumyzda seýrek duşýan we ýitip barýan haýwanlaryň görnüşleriniň sanawynyň 4-nji neşiri üçin maglumatlary ýygnaýarlar we olary sistemalaşdyrýarlar.