döwrüň möhüm talabydyr
Hormatly Prezidentimiz tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän ýurdumyzy Ýewropanyň we Aziýanyň energetika bazarlaryna çykarmak, söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek, energiýanyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek ýaly möhüm ähmiýete eýe bolan iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, bäsdeşlige ukyply, halkara ölçeglere laýyk gelýän, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge ýöriteleşdirilen önümçilikleriň döredilmegine, mawy ýangyjy gaýtadan işläp, ýokary hilli gazhimiýa önümleriniň öndürilmegine ileri tutulýan ugurlar hökmünde garaýar.
Diýarymyzdaky ösen innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylan we ekologiýa taýdan arassa önümçilikler hökmünde Marykarbamid, Garabogazkarbamid, Gyýanlydaky polimer zawodlaryny, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan sintetik benzin öndürýän iri senagat toplumyny görkezmek bolar.
Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawod ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen ägirt uly himiýa barlaghanasyny ýatladýar.Gazy dizel ýangyjyna öwürmek işi tehnologiýa desgalarynyň tutuş toplumynda, ilkinji nobatda, tebigy gazy düýpli arassalamak, sintez gazyny, metanoly, benzini almak hem-de arassalamak boýunça desgalarda alnyp barylýar. Şeýle barlaghanada örän ýokary temperaturada we basyşda çylşyrymly himiki reaksiýa — gazy suwuk uglewodorodlara öwürmek işi amala aşyrylýar.
Zawodda her ýylda ekologiýa taýdan arassa, EURO-5 ölçeglerine laýyk gelýän ECO-93 benzininiň 600 müň, ugurdaş önümlerden suwuklandyrylan gazyň 115 müň, düzüminde kükürt bolmadyk arassalanan dizel ýangyjynyň 12 müň tonnasy öndürilýär.
Bu ýokary tehnologiýaly zawodyň işe girizilmegi awtoulaglardan howa goýberilýän zyýanly gazlaryň möçberini ep-esli azaltmaga mümkinçilik berýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde ilkinjileriň biri hökmünde Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndürijileriň sanawyna girýär. Şoňa görä-de, bu zawodyň önümçilik işi ekologiýa taýdan howpsuz we netijeli usullaryň ulanylýandygy bilen tapawutlanyp, atmosfera zyýanly galyndylaryň goýberilmegini aradan aýyrýar.
Iri gazhimiýa toplumyna Guinness World Records kompaniýasynyň Dünýäde gazdan benzin öndürýän ilkinji zawod, ABŞ-nyň Daşky gurşawy goramak gaznasynyň Ekologiýa taýdan arassa, Şweýsariýanyň Federal tehnologiýa institutynyň Innowasion tehnologiýa güwänamalarynyňdyr nyşanlarynyň berilmegi onuň degişli ugurlarda dünýä derejesinde ykrar edilýändigini aýdyň tassyklaýar.
Milli Liderimiziň gazhimiýa toplumyny ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary netijesinde, ýurdumyzda uglewodorod serişdelerini gaýtadan işlemek esasynda ammiagyň, karbamidiň, polietileniňdir polipropileniň önümçiligi ýola goýuldy, şeýle-de metanol, poliwinilhlorid, poliwinilasetat, formaldegid, oba hojalyk mallary üçin sintetik iým we wodorod ýaly önümleri öndürmek üçin uly mümkinçilikler bar.
Häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletlerinde ekologiýa taýdan arassa ýangyç boýunça strategiýa işlenip taýýarlanylyp, onda wodorod önümçiligine aýratyn üns berilýär.Statistik maglumatlara görä, dünýäde 50 million tonna golaý wodorod öndürilýär.
Wodorod tehnologiýalarynyň ösdürilmegi hem-de ornaşdyrylmagy netijesinde, dünýä ykdysadyýetinde oňa talap barha artýar we 2050-nji ýylda 350 million tonna, 2100-nji ýylda bolsa 800 million tonna ýetmegine garaşylýar.
Wodorod himiki elementleriň periodik ulgamynda birinji belgili bolup, iň ýeňil we tebigatda köp ýaýran işjeň elementdir.Ol tebigatda erkin görnüşde däl-de, diňe birleşmeleri duş gelýär hem-de has giň ýaýran birleşmelerine, esasan, suw, tebigy gazdyr nebit degişli.
Wodorodyň tebigatda duş gelýän birleşmeleriniň tükeniksiz ätiýaçlygyndan, ýanma ýylylygyndan, daşky gurşawa zyýansyzlygyndan çen tutsaň, ony geljegiň ýangyjy hasaplamak mümkin. Şeýle-de howa garylyp ýakylanda, onuň tüssesinde uglerod oksidleridir gurum bolman, diňe arassa suw buglary emele gelýär.
Wodorod almak üçin suw, tebigy gaz we nebit esasy çig mal hasaplanýar.Olardan wodorod almak maksady bilen, gazlaryň katalitik riformingi, gaty ýangyçlaryň pirolizi we suwuň elektrolizi usullary peýdalanylýar.
Metanyň, etanyň, propanyň, butanyň katalitik riforming (konwersiýa) usuly dünýäde has giňden ýaýrap, onuň sebäbi nebitdir gazy gaýtadan işleýän kärhanalarda riforming desgasynyň bolmagy bilen şertlendirilendir.Häzirki wagtda alynýan wodorodyň köp bölegi himiýa senagatynda (ammiak, azot dökünini, karbamid, metanol almakda), azyk önümçiliginde (ösümlik ýaglaryny gidrirläp, gaty ýaglary almakda), nebit fraksiýalaryny gidroarassalama we gidrokreking hadysalarynda, wodorody ýokary temperaturada gidrirlemegiň katalitik reaksiýalarynda peýdalanylýar.
Ondan peýdalanmagyň möhüm ugurlarynyň biri energetika ulgamydyr.Bu ulgamda wodorod gazturbina berilýän metan-wodorod garyndysynyň düzüminde ýylylyk göteriji hökmünde peýdalanylýar.
Wodorod iň ýeňil ýangyçdyr. Ony benzine goşup hem ulanmak mümkin. Arassa wodorod ýangyç hökmünde peýdalanylanda, daşky gurşawa hiç hili zyýanly täsirini ýetirmeýär. Ol benzine goşulyp ýakylanda, bölünip çykýan zyýanly gazlaryň mukdary ep-esli peselýär. Ulaglaryň ähli görnüşleri (uçarlar, dikuçarlar, gämiler, otlular, awtomobiller, raketalar, uçarmansyz enjamlar) üçin ýangyç bolup hyzmat etmegi hem-de ekologiýa taýdan arassalygy wodorodyň esasy artykmaçlyklarynyň biridir.
Ýakynda hormatly Prezidentimiz Ahaldaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň işi bilen tanyşlygynyň barşynda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini, ilkinji nobatda, energetika, wodorod we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar ulgamyndaky innowasiýalary ornaşdyrmaga, ýangyç-energetika toplumyny sanlylaşdyrmaga degişli anyk wezipeleri kesgitledi.
Alym Arkadagymyzyň ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny netijeli hem-de toplumlaýyn ulanmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga, ekologiýa taýdan arassa önümçilikleri döretmäge aýratyn üns bermegi biz — türkmen alymlaryny täze ylmy-barlag işlerini alyp barmaga we döredijilikli gözleglere ruhlandyrýar.
Durdymyrat GADAMOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň direktory, himiýa ylymlarynyň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/30602