HMD kompaniýasy ekologiýa taýdan arassa bolan Nokia X30 5G smartfonyny çykardy. Mobil enjamyň önümçiliginde gaýtadan işlenen alýuminden we plastikadan peýdalanyldy. Telefonyň daşy dolulygyna alýumin bolup, ol gaýtadan işlenilen metaldan alyndy. Plastik böleginiň 65 göterimi ozal ulanylan plastikadan alnypdyr. Sentýabryň ahyrynda Ýewropada satuwa çykaryljak telefonyň bahasy 529 ýewro bolar. Nokia brendli telefonlara Amerikada hem isleg ýokary.
Gülzada ÇARYÝEWA,S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniňtalyby.