Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinip, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljek nesillere has gözel görnüşde ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.
Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň arassa gurşawyny döretmäge, suw, ýer we biologik serişdelerden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligidir tebigaty goramaga, çölleşmä hem-de tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmäge, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär.
Ekologik abadançylygy gorap saklamak we onuň köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak bilen bagly halkara maslahatlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden goldaw tapýar.
Türkmenistan gazeti