
Ekoişjeňler Pariždaki Luwr sergi jaýynda saklanýan Leonardo da Winçiniň meşhur Jokonda (Mona Liza) portretine çorba dökdüler.
Bu barada Agence France-Presse habarlar gullugyna salgylanýan Trend habar berdi.
Sungat eserine, bronlanan aýna bilen goralansoň, zeper ýetmedi diýip, habarda aýdylýar.
Işjeňler bu jenaýaty sagdyn we durnukly iýmitlenmek çagyryşy bilen baglaýarlar.
Öň, 2022-nji ýylyň maýynda-da Luwrda myhmanlaryň biri Mona Lizanyň portretine süýji nan bölegini zyňypdy.