EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy

EKKAS Gabonyň agzalygyny togtatdy

Orta Afrika döwletleriniň Ykdysady jemgyýeti EKKAS Gabonyň agzalygyny konstitusiýa düzgüni dikeldilýänçä çenli togtatýandygyny mälim etdi.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä EKKAS-a agza ýurtlaryň liderleri Gabonda 30-njy awgustda başdan geçirilen harby agdarlyşyk bilen bagly gün tertip bilen Ekwatorial Gwineýada bir ýere jemlendiler.

Sammitde kabul edilen karar bilen Gabonyň agzalygy konstitusiýa düzgüni dikeldilýänçä çenli togtadyldy.

Merkezi Gabonyň paýtagty Librewil şäherinde ýerleşýän EKKAS 1983-nji ýylda döredilipdi.

EKKAS-a agza ýurtlaryň arasynda Angola, Burundi, Merkezi Afrika Respublikasy, Çad, Kongo Respublikasy, Kongo Demokratik Respublikasy, San-Tome we Prinsipi, Ekwatorial Gwineýa, Gabon we Ruanda bar.

Ýene degişli makalalar

Nebit ministri OPEK-iň başlygy boldy
OPEC döredildi
OPEC+ önümçiligini artdyrýar
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň kasam kabul etmek dabarasyna gatnaşar
Türkiyäniň çap eksporty 39 göterim artdy
OPEK+ ýurtlary nebitiň çykarylyşyny azaldar