Ekizek ýatagyndaky täze gözleg skwažinasyndan nebtiň we gazyň senagat akymy alyndy

“Türkmennebit” DK-nyň Körpeje buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Altyguýy, Körpeje, Ördekli, Gögerendag, Ekerem, Ekizek ýaly iri nebit-gaz ýataklary bolan ýurduň günorta-günbatarynda gözleg-agtaryş işlerini alyp barýarlar.

Häzirki wagtda ygtyýarynda ýokary öndürijilikli enjamlar bolan müdirligiň işgärleri Ekerem-Gögerendag zolagynda gözleg-agtaryş işleriniň çägini giňeldýärtler, ol ýerde geologlaryň çaklamasyna görä, nebitdir gazyň baý ýataklary bar. Ekizek ýatagyndaky taslama çuňlugy 3600 metr 16-njy gözleg skwažinasy munuň aýdyň subutnamasy boldy. Burawlaýyş döwri 3400 metr çuňlukdan nebitiň we gazyň senagat akymy alyndy.

Täze skwažina bir gije-gündiziň dowamynda 20 tonna golaý “gara altyn” we 50 müň kub metr “mawy ýangyç” berer- onuň gorlary gözlegçileriň garaşanyndakydan has kän boldy.Häzirki wagtda “Nebitgazylmytaslama” Institutynyň işgärleriniň gatnaşmagynda gidrogazdinamiki barlaglar geçirilýär, ýerasty gatlaklaryň atmosfera basyşyny öwrenmek boýunça işler alnyp barylýar.

Onda diametri dört millimetr bolan ştuseriň goýulmagy gatlagyň ýokary basyşyny peseltmäge we ýer astyndan alynýan nebitdir gazyň artmagyna ýardam eder.Ekizek ýatagyndaky işler dowam etdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Nebitgazylmytaslama institutynyň laboratoriýalary tarapyndan giň gerimli ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär
Körpeje gaz çykaryş müdirligi 1 milliard 509 million kub metr gaz çykardy
“Körpeje” gaz çykaryş müdirligi “mawy ýangyjyň” çykarylyşyny artdyrýar
Körpeje gaz çykaryş müdirligi üç aýda 772 million kub metr gaz çykardy
Körpeje gaz çykaryş müdirliginde 3 milliard kub metre golaý gaz çykaryldy
Türkmennebit döwlet konserniniň ýataklarynyň 30-dan gowragynda iş alnyp barylýar
Türkmenistanyň günbatarynda tebigy gazyň täze senagat akymy alyndy