Efiopiýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy

Efiopiýadaky ýer süýşgüninde ýogalan adamlaryň sany artdy

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, Efiopiýanyň günortasyndaky Gofa sebitinde başdan geçirilen ýer süýşgüninde aralarynda çagalar, zenanlar we polisýa işgärleri hem bolan 146 adam ýogaldy.

Döwlet telewideniýesine beýanat beren ýerli resmi Misikir Mitiku, gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigini we ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini habar berdi.

Misikir Mitiku gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýan käbir adamlaryň hem dereksiz ýitendigini mälim etdi.

Gofa sebitiniň häkimi Dagmawi Aýele raýatlaryň bular ýaly görnüşli apatlaryň hötdesinden gelmek üçin has taýarlykly bolmagynyň zerurdygyny beýan etdi.

Dagmawi Aýele gözleg we halas ediş işleri bilen ýer süýşgüni sebäpli bolan adam pidalary, zeper we zyýan bilen bagly anyklaýyş işleriniň dowam edýändigini mälim etdi.

Günorta Efiopiýada ýer süýşgünleri esasan hem ýagyşlaryň ýagýan möwsüminde, ýagny iýun-awgust aýlary aralygynda bolýar.

Ýene degişli makalalar

Putin Erdogany Täze ýyly bilen gutlady
Türkiye, Somali-Efiopia gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýer eýeçiligini edýär
Efiopiýada bolan ýer süýşgüninde 20 adam ýogaldy
Hakan Fidan, Efiopiýaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Magtymguly we matematika ylmy
Afrika Şahynda Howanyň Üýtgemegi Agyr Neticeleri Ýüze Çykarýar