Efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermeklik maslahatlaşyldy

Efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermeklik maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň (TSSE) başlygy Mergen Gurdowyň Efiopiýanyň Türkmenistandaky ilçisi Jemal Beker Abdulla bilen duşuşygy boldy. Onuň dowamynda efiopiýa kofesini türkmen bazaryna ibermek meseleleri maslahat edildi.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar oba hojalyk, önümleri gaýtadan işlemek we maýa goýumlar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine garadylar.

Mundan başga-da, TSSE-niň wekilleriniň Braziliýanyň we Estoniýanyň ilçileri bilen hem duşuşyklary boldy. Olaryň barşynda ýurtlaryň arasynda söwda we maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek meseleleri maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň ileri tutýan ugry bolan sanly ulgamlar we tehnologiýalar babatdaky hyzmatdaşlyk meseleleri Estoniýanyň ilçisi bilen geçirilen gepleşikleriň esasy özenini düzdi.

Bu duşuşyklar halkara ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmekde we ýurduň dünýä giňişligindäki abraýyny ilerletmekde Türkmenistanyň tagalla edýändigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Efiopiýanyň ilçisi işe başlady
Efiopiýa Federatiw Demokratik Respublikasynyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
Efiopiýa we Braziliýa Türkmenistan bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär
Türkmenistan Hazarýaka ýurtlary bilen bir hatarda bekre balyklarynyň tutulmagyna girizilen gadagançylygy 2025-nji ýyl üçin uzaltdy
BEG BALASY SADRANÇ OÝNAR NARD BILEN
Köneürgenç Merkezi Aziýanyň derwezesi