Efiopiýa Bilen Somaliniň Arasynda 2-nji Tapgyr Gepleşikleri Tamamlandy

Efiopiýa Bilen Somaliniň Arasynda 2-nji Tapgyr Gepleşikleri Tamamlandy

Daşary işler ministri Hakan Fidan, Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde Efiopiýa bilen Somaliniň arasynda Ankara etabynyň 2-nji tapgyrynyň tamamlanandygyny nygtady.

Ministr Fidan, Ankara etabynyň 2-nji tapgyr gepleşiklerinden soň Somaliniň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Ahmed Muallim Figi bilen Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie bilen metbugata beýannama berdi.

Fidan, Türkiýäniň töwellaçylyk etmeginde Somali bilen Efiopiýanyň arasynda geçirilýän Ankara etabynyň 2-nji tapgyr gepleşikleriniň tamamlanandygyny aýtdy.

Ministr Fidan “Türkiýe hökmünde, Somaliniň bilen Efiopiýanyň we tutuş sebitiň bähbidine laýyklykda aladalaryň ortadan aýrylmagyny we kynçylyklaryň çözülmegini maksat edinýäris” diýdi.

Ankara etabynyň dowam edýändigine ünsi çeken Hakan Fidan, “Etabyň netijeli bolmagy maksady bilen 3-nji tapgyr gepleşikler üçin 17-nji sentýabtda paýtagt Ankarada duşuşarys” diýdi.

Efiopiýanyň Daşary işler ministri Taýe Atske Selassie hem “Jenap Ministr Hakan Fidanyň, Türkiýäniň töwellaçylygynda meseläniň çözüljekdigine ynanýarys”diýip belledi.

Somaliniň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Ahmed Muallim Figi “Ankara etabynyň 2-nji tapgyr gepleşiklerinde uly öňe gidişlik edildi. Somali, bitewiligine, özygtyýarlygyna we jebisligine uly ähmiýet berýär. 3-nji tapgr gepleşikleriniň netijeli boljakdygyna ynanýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiye, Somali-Efiopia gepleşikleriniň birinji tapgyryna ýer eýeçiligini edýär
Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri duşuşyk geçirdiler
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan, Efiopiýaly we Somalili Kärdeşleri Bilen Duşuşdy
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary