Eduar Montut: geljekde fransuz-türkmen sungat gatnaşyklarynyň miwelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

Eduar Montut: geljekde fransuz-türkmen sungat gatnaşyklarynyň miwelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys

Arkadag şäherinde geçirilen Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal ýokary derejede guramaçylykly geçirildi.Halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistanyň ähli ulgamlarynda, şol sanda medeniýet ulgamynda gazanylan üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere ýokary baha berdiler. Şeýle myhmanlaryň biri hem Fransiýanyň Monde et Media kompaniýasynyň artisti Eduar Montutdyr.

Fransiýadan halkara kinofestiwala gatnaşmaga gelen myhman bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol öz ýürek sözlerini şeýle beýan etdi:

— Sungaty dostluk köprüsine öwren asuda, abadan ýurtda ilkinji gezek geçirilen Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwala gatnaşmak, myhmansöýerlikde tanalýan ýurda myhman bolmak mende uly täsir galdyrdy.Türkmen paýtagtynyň, Arkadag şäheriniň gözel ýerlerine syýahat etdik.

Köp ýurtlarda bolan adam hökmünde Aşgabat, Arkadag şäherleriniň dünýäniň hiç bir şäherine meňzemeýän özboluşlylygyny bellemek isleýärin.Men Aşgabatda hem döredijiligimi dowam etdirmäge mümkinçiligiň dörändigine, ýerli habarçylar bilen käbir sýužetleri ýazga geçirendigimize begenýärin.

Biz — sungat adamlary hemişe halkyň hyzmatynda, tomaşaçylaryň isleglerini öwrenmek, her bir işe döredijilikli çemeleşmek hem biziň işimiziň esasy bölegi.Türkmenistanly kärdeşlerimiziň muny ussatlyk bilen başarýandygyny, aýratyn-da, ýaşlaryň kino sungatyna höwesiniň uludygyny nygtamakçy.

Men 30 ýyldan gowrak wagt bäri sungat äleminde. Türkmenistanly muşdaklarymyz Taksi, Asteriks we Obeliks: Kleopatranyň missiýasy ýaly filmlerdäki keşplerimi gowy görýändiklerini aýtdylar. Aýdylyşy ýaly, keşbiň kiçisi ýa erbedi ýok. Ussat artist üçin olaryň ählisi giň döredijilik dünýäsi, özüňi açmagyň pursadydyr.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Oguz han adyndaky Türkmenfilm birleşiginiň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça başlangyçlary, täze festiwalyň mysalynda hem görşümiz ýaly, hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň döredip berýän şertleri bizi guwandyrýar. Geljekde fransuz-türkmen sungat gatnaşyklarynyň miwelerine sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Ýene degişli makalalar

"Russiýada işlemekden hiç bir many görmeýäris". Daşary ýurtlulara taksi sürmegiň gadagan etmegi barada, migrantlar näme pikir edýärler?
S.Türkmenbaşy etraby-Daşoguz arasynda sürüjiniň 'häkimi ozup geçmegi' minibus gatnawyna täsir etdi
Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwaly geçirildi
Halkara film festiwalynyň myhmanlary Aşgabada geldiler
Fransuz aktýory Eduar Montut ilkinji gezek Türkmenistana geldi
Eduar Montut Arkadag şäherinde geçiriljek halkara film festiwalyna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi