Edoganyň kitaby Dohada geçirilen sergide tanyşdyryldy

Edoganyň kitaby Dohada geçirilen sergide tanyşdyryldy

Katarda geçirilen 31-nji Doha Halkara Kitap sergisinde Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň arap diline terjime edilen "Has adalatly dünýä mümkin" atly kitabyna gyzyklanma uly boldy.

Hamed bin Halife uniwersitediniň Neşirýat bölüminiň resmileriniň beren maglumatyna görä, Nura Ýamaç tarapyndan terjime edilen "Has adalatly dünýä mümkin" atly kitaba sergide Neşiriýat bölüminiň iň köp gyzyklanma bildirilen kitaplarynyň arasynda boldy.

Neşirýat bölüminiň müdüri Beşşar Şebaru: "Bu kitap ilkinji gezek halkara sergide tanyşdyryldy. Kitaby ilki bilen 23-nji fewral-5-nji mart aralygynda geçiriljek Muskat halkara kitap sergisinde bolmak bilen beýleki sergilerde hem okyjylar we gyzyklanma bildirýänler bilen tanyşdyrmaga dowam ederis" diýip habar berdi.

Prezident Erdoganyň kitabyna bildirilen talabyň köp bolandygyny aýdan Şebaru: "Serginiň soňky güni bolmagyna garamazdan gelýän myhmanlar kitap satyn almak üçin gelýärler" diýip mälim etdi.

Şu ýyl "Ylym nurdyr" temasy bilen 13-22-nji ýanwar aralygynda geçirilen Doha Halkara Kitap sergisine 37 ýurtdan 430 neşirýat gatnaşdy.

Pars aýlagynyň iň köne we iň uly kitap sergileriniň biri bolan Doha Halkara Kitap sergisi ilkinji gezek 1972-nji ýylda geçirilipdi. Ençeme wagtlap 2 ýylda 1 gezek geçirilen sergi 2002-nji ýyldan soň bolsa her ýyl geçirilmäge başlandy.

Ýene degişli makalalar

FIFA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň başlygy bilen duşuşdy
Ýaşar Güler Katara Guraýan Saparyny Dowam Etdirýär
Katarda “El Klasiko” duşuşygy geçiriler
Türkmen wekiliýeti Katarda geçirilýän “Kids Expo 2024” sergisine gatnaşdy
Türkmenistan Katarda geçirilýän Kids Expo 2024 sergisine gatnaşdy
Doha forumy 2024 öz işine başlaýar
Hakan Fidan Siriýadaky wakalar barada beýanat berdi