Edirne Ak peýniri

Edirne Ak peýniri

Türkiyäniň günbatara açylýan gapysy bolan Edirneden adyny alyp gaýdýan, goýunyň, geçiniň we sygyryň süýdünden taýarlanýan “Edirne Ak peýniri” şäheriň söwda we senagat palatasynyň ýüz tutmagy netijesinde 2004-nji ýylda Türkiyäniň geografiki taýdan hasaba alynan önümleriň arasyna goşuldy.

Tunja, Meriç, Arda we Ergene derýalarynyň emele getiren deltalarda tebigy endemiki ösümlikler bilen iýmitlenýän mallaryň süýdünden öndürilen Edirne Ak peýnir, özboluşly ysa we tagama eýedir.Edirne Ak peýniri sary reňke çalymdaş bolan ak reňkde we kremi ýadyňa salýan gurluşy bar.

Süýji, duzly we birneme turşy tagamlaryny özünde jemleýän peýniriň önümçiliginde diňe süýt, tebigy hamyrmaýa we deňiz duzy ulanylýar.Peýnir önümçiliginde ulanyljak süýt ilki 65 gradus pasterizasiýa edilýär we ondan soň sowadylyp, maýalama işleri geçirilýär.

Maýalanan ýarym bişen peýnir bölekleri ownuk böleklere bölünýär we suwy süzülmegi üçin basylýar.Peýniriň ýumşaklygy we gatylygy basyş tmöhledine baglylykda üýtgeýär.Basdyrylan peýniriň bölekleri islenýän derejä ýeteninde galyplar görnüşinde kesilip, üstüne orta derejede duzly bolan duz ergini goşulyp, 16 sagat garaşdyrylýar.

Soň bolsa ýörite gaplara gaýtadan işlenen deňiz duzy goşulýar, ýene 24-30 sagat saklanyp, 18 kilogram gaplara doldurylýar.Doldurylandan soň, gaplaryň howa geçirmezligi üçin möhürlenýär we sowuk ammarlara goýulýar.

Sowuk gurşawda azyndan 90 gün saklanan peýnir, tapgyryň ahyrynda taýar ýagdaýa gelýär.

Ýene degişli makalalar

Içi görünýän aýna balyk
Ýöremegiň saglygymyza peýdalary
Ak kelemiň peýdalary…
Ak kelemiň peýdalary…
Baýramçylyk göçme sergisi
18 — 21-nji maýda paýtagtymyzdaky teatrlarda 30-a golaýy sahna eserleri görkeziler