
Guramaçylarynyň dünýäde iň bir iri diýip atlandyrýan Edinburg sungat festiwaly özüniň 75 ýaşyny belleýär. Onuň çäklerinde Şotlandiýanyň paýtagty dünýäniň 58 ýurdundan gatnaşýanlaryň 3 müňe golaý çykyşlaryna we şüweleňlerine tomaşa eder diýip, euronews.com habar berýär.
Guramaçylar festiwalyň “has öz çekiji we elýeterli bolandygyny” aýdýarlar, ýöne gatnaşyjylar Şotlandiýa syýahat etmegiň aňsat däldigini-de gizlemeýärler.
Şeýle-de bolsa gatnaşyjylar, esasanam tomaşaçylar Edinburg festiwalynyň pandemiýadan soň doly göwrümli gaýdyp gelendigine begenýärler.