Edilmeli işleri yza süýşürmek bir biynjalyk hökmünde garalmaga başlanýan dereje ýetsede, entek literaturada gönüden bir kesel hökmünde kabul edilmeýär.
Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?” atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.
Döwrebap dünýäniň adamlarynyň häzirki gündäki iň uly synaglarynyň biri edilmeli işleri yza süýşürmekdir. Köp sanda adam bu meselä garşy göreş alyp barýandyklary barada hem habarlaram ýok.
Edimeli işi yza süýşürmek ählimiziň durmuşymyzda bar bolan bir hereket. Biziň muny bir saglyk bozuklygy hökmünde garamagymyz, esasan hem köp wagtlap dowam etmegi we adamyň durmuşyny ähli taraplaýyn ýaramaz täsir ýetirmäge başlamagy bilen baglanşykldyr. Ähli adamlarda bolan bu gylyk-häsiýet, adamlaryň takmynan 20 göteriminde hroniki ýagdaýa öwrülip bilýär.
Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?
Edilmeli işleri yza süýşürmek gaty şahsy saýlaw hökmünde görülýändigi sebäpli, köp adam bu ýagdaýy diňe ýönekeý bir ýaltalyk bilen düşündirýär. Emma ýagdaýyň pikir edilşi ýaly ýönekeý däldigi, şuňa meňzeş şikaýatlara eýe bolan adamlaryň sanynyň köpelendigi mälim boldy.
Edilmeli işleri yza süýşürmek bir biynjalyk hökmünde garalmaga başlanýan dereje ýetsede, entek literaturada gönüden bir kesel hökmünde kabul edilmeýär.
Onda näme üçin edilmeli işleri yza süýşürýäris?
Munyň bilen baglanşykly köp sanda çaklama bar.Olaryň iň başynda bolsa motiwasiýanyň pesligi gelýär.Kämillik häsiýetine eýe bolan adamlar, etmeli işini dogry edip bilmejekdiklerini pikir edip, edilmeli işleri yza süýşürmegi saýlap alýarlar.
Olardan daşary wagty netjeli peýdalanmazlyk, şowsuzlyk bilen bagly aladalar, gündelik aladalar, ulularyň üns ýetmezçiligi, giperaktiwlik we adama laýyk bolmaýan işlerde işlemek ýaly sebäpler bilen edilmeli işleri yza süýşürmek endigini saýlap alyp bilýäris.
Edilmeli işleri yza süýşürmek endiginiň hötdesinden nädip gelip bileris?
Ilki bilen bu näsazlykdan habarly bolmalydyrys. Soňra bolsa dogry we täsirli wagt dolandyryşyny ösdürmelidiris. Hroniki yza süýşürýän adamlar, jogapkärçiliklerini yza süýşürmek üçin sosial mediany we interneti giňden ulanýarlar. Şol sebäpli sosial mediýa sarp edilýän wagty çäklendirmeli. Kämillige ýetmek ugrundaky gözleglerimizi hem bes etmelidiris.
Edilmeli işleri yza süýşürmek meselesi ikitaraplaýyn gatnaşyklara, işe, okuwa täsir ýetirýän bolsa ýa-da netijelilik azalýan bolsa onda şol ugurda iş alyp barýan hünärmenlere ýüz tutmalydyrys.
Habar Çeşmesi: TRT Haber
Bilesigelijiniň bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda “Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?” atly temanyň üstünde durup geçdik.