Edermenligiň beýik nusgasy

Edermenligiň beýik nusgasy

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzda ýerleşýän ýöriteleşdirilen 76-njy orta mekdebinde ýeňiş gününe bagyşlap Edermenligiň beýik mekdebi atly söhbetdeşlik geçirdi.

Dabaramyzyň myhmany ussat ýazyjymyz dramatrug Hemra Şirow türkmenleriň beýleki halklar bilen bilelikde, urşuň gazaply söweşlerinde görkezen edermenligi, gahrymançylygy, tylda zähmet çekenleriň watansöýüjiligi, agzybirligi hakynda giňişleýin gürrüň berdi.Söhbetdeşligimiziň dowamynda taryhda gazaply uruşlaryň biriniň söweş meýdanlarynda görkezen edermenligi we gaýduwsyzlygy hemra edinip, öz janlaryny gaýgyrman söweşendikleri barada, şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiziň garry atasy we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhammet Annaýewiň şöhratly ömür ýoly hakynda täsirli söhbetler edildi. Çärämiziň dowamynda ajaýyp döwrümizi, Watan gerçekleriniň edermenligini wasp edýän goşgular okaldy.

Çärämiziň ahyrynda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gahrymanlary şöhratlandyryp, olaryň atlaryny ebedileşdirip, ruhy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Putin uruş başlaly bäri amala aşyrýan ilkinji daşary ýurt saparlarynyň çäginde Türkmenistana barýar
Ýylyň jemleri: Moskwa Aşgabatdan aslyşmagyny azaltmady
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary Huseýin Awni Byçakly konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy
Dürli milletleriň wekilleri milli geýimde we öz hasabyna prezidentiň kakasynyň ýas çäresine ugradylýar
Türkmenistanyň prezidentiniň kakasy Mälikguly Berdimuhamedow aradan çykdy
Türkmenistanda hususy süýt önümçiligi artýar