Edermen babadaýhanlarymyzyň zähmet üstünligi

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara, hoş habarlara beslenip, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar.Arkadagly Serdarymyzyň şu ýylyň 29-njy iýulynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda ýurdumyzyň edermen babadaýhanlarynyň döwlete galla tabşyrmak baradaky hoş habaryň beýan edilmegi buýsançly wakalaryň biri boldy. Çünki bol galla hasylynyň kemala gelmegi saçaklarymyzyň rysgal-berekedi, döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolup, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginiň esasy şerti bolup durýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe babadaýhanlaryň gazanan bu üstünligi Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk toýuna mynasyp zähmet sowgady boldy.Iş maslahatynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz babadaýhanlary gazanylan bu ajaýyp zähmet üstünligi bilen gutlap, daýhanlarymyzyň mundan beýläk hem oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl öndürjekdiklerine uly ynam bildirdi. Şeýle hem Arkadagly Serdarymyz sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynda birnäçe kararlary kabul etdi. Şonda geljek 2023-nji ýylda bugdaý öndürmek bilen bagly kärendeçi-daýhanlar bilen şertnama baglaşmak, daýhan hojalykçylar, mülkdarlar we beýleki hususy önüm öndürijileriň şertnamadan artyk öndüren bugdaý hasylynyň bir tonnasyna 1600 manatdan hak tölemek boýunça kabul eden kararlary oba zähmetkeşlerini öňküden hem gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrýar, täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga uly badalga berýär.Arkadagly Serdarymyzyň bimöçber aladasy bilen milli ykdysadyýetimizde esasy uly orun degişli bolan oba hojalyk pudagyny ösdürmek, bu pudagy iň bir girdejili pudaga öwürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Kärendeçileriň öndürijilikli işlemekleri, bereketli türkmen topragyndan bol hasyl öndürmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýer-suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şorlaşma garşy göreşmek, ýerleriň hasyllygyny ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işler özüniň guwandyryjy netijelerini hem berýär.

Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda bol galla hasylynyň Watan harmanyna tabşyrylmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.Häzirki wagtda kärendeçi-daýhanlar, mülkdarlar, daýhan hojalykçylar hasyldan boşan meýdanlary geljek ýylyň hasylyna taýýarlamak, güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek ugrunda aladalanýarlar. Şonda bugdaý meýdanlarda sürüm, tekizleme işleri geçirilýär.

Bu işi ýerine ýetirmekde etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tehnikalary daýhanlaryň iň ýakyn daýanjy bolup durýar.Sürüm we tekizleme işleriniň talabalaýyk geçirilişine degişli hünärmenler berk gözegçilik edýärler.Bu möhüm işleriň ýokary hilli agrotehniki talaplara görä ýerine ýetirilmegi, ýerleriň oňat taplanmagyna, suwuň atyzlara birtekiz düşüp, suwdan oňat ganmagyna uly mümkinçilik berýär.

Kärendeçi daýhanlar hem özleriniň garamagyndaky ýerleriň gyra-töwereklerinde, çillerde arassaçylyk işlerini geçirýärler, akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar.Güýzlük bugdaý ekişine ählitaraplaýyn ykjam taýýarlyk görülmegi ekişi bellenen wagtda geçirmeklige uly mümkinçilik berer.

Munuň özi kärendeçileriň geljek ýylda hem bol galla hasylyny ösdürip ýetişdirmeginiň esasy şerti hasaplanýar. Ýurdumyzy ösüşleriň täze belentliklerine alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, her bir döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin.

Gülhumar HOJAHMETOWA,Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

Dizel gytçylygy bugdaý ekişini bökdeýär. Balkanda ýene ýangyç ýetmezçiligi emele geldi
23.08.2017 | Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
Pagta möwsüminiň tamamlanandygyna garamazdan, plan borçnamasy agzalmaýar
20.07.2017 | Obasenagat toplumynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar