Terbiýe jemgyýetçilik aňy hökmünde adamzat döräli bäri ykrar edilip gelinýär. Ol adamy ynsanlyk derejesine göterýän, ony jemgyýetiň öňünde gözelleşdirýän, onuň üstüne borç we jogapkärçilik ýaly ahlak sypatlary ýükleýän hadysadyr.
Her bir jemgyýetçilik-ykdysady basgançagyň özüne mahsus, onuň ahlak gatnaşyklaryndan gelip çykýan terbiýesi, terbiýeçilik ýörelgesi bolýar. Şol ýörelge adamy onuň ýaşaýan döwrüniň, zamanasynyň durmuş sahnasyna çykarýar. Jemgyýet bolsa oňa, onuň özüni alyp barşyna, edýän hereketlerine, görüm-göreldesine, edim-gylygyna, hüý-häsiýetine görä baha berýär.
Terbiýe jemgyýetiň, şol ýa-da beýleki bir jemgyýetde ýaşaýan adamyň ýaşaýyş-durmuş, medeni-ynsanperwer we intellektual derejesinden gelip çykýar, şol bir wagtyň özünde onuň ahlak keşbini görkezýär.
Adamzat kowmunyň döremegi bilen terbiýe döräpdir, ösüpdir, özgeripdir, kemala gelipdir. Netijede, adamzat jemgyýetiň ykrar edýän taraplaryny, bildirýän talaplaryny, terbiýeçilik ýörelgelerini kabul edipdir, şolar boýunça ýaşapdyr. Jemgyýetiň kabul etmedik, inkär edýän ýörelgelerini, kada-kanunlaryny bolsa ýazgarypdyr. Köpçüligiň, ýagny halkyň aglaba böleginiň ahlak garaýyşlary, gatnaşyklary, terbiýeçilik ýörelgeleri hemmeler üçin hökmany bolmagynda galypdyr.
Her bir döwrüň, her bir zamananyň hemmeler üçin hökmany bolan ahlak gymmatlyklary, düşünjeleri, kada-kanunlary bolýar.Mysal üçin, türkmenler oňa türkmençilik ýörelgeleri diýip at berýärler.Her bir hereket şoňa laýyklyklykda amala aşyrylýar.
Oňa gabat gelmedik her bir ýagdaý, hereket bolsa uly il bolup ýazgarylma sezewar edilýär.Bu gatnaşyklar her bir döwürde, zamanada ynsanyýetiň aňynda kemala gelen dünýägaraýyşdan gelip çykýar.
Türkmençilik ýörelgeleri jemgyýetçilik-ykdysady basgançaklaryň çalyşmagy, biriniň beýlekisine geçmegi bilen özgeripdir, adamzada, milli ruha gabat gelýän ýörelgeler saklanyp galypdyr, durmuşdan yza galýanlaryndan bolsa ýüz dönderilipdir.
Häzirki döwürde terbiýe möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çünki terbiýe jemgyýetiň arassalygyny, sazlaşygyny, jemgyýetiň geljegi bolan ýaş nesliň ahlak keşbini, aň derejesini nazarlaýar.
Türkmen halky hemişe öz ösüp gelýän ýaş nesli hakynda alada edip gelipdir. Ýaş nesil hakynda edilýän aladalar halk döredijiliginde, nusgawy edebiýatymyzyň wekilleriniň ölmez-ýitmez eserlerinde hemişe öz beýanyny tapypdyr.
Çaga eziz, edebi ondan hem eziz diýen halkymyz çaganyň ruhy tarapyny, ýagny terbiýesini onuň maddy tarapyndan ýokarda goýup bilipdir. Çünki ýugrulmadyk hamyrdan gowy çöregiň emele gelmejegine aňryýany bilen düşünen pederlerimiz bu paýhasdan ugur alyp, çagalarynyň terbiýesiniň aladasy bilen ýaşapdyrlar.
Çaga terbiýesinde ownuk zadyň ýokdugyny, onuň terbiýesiniň juda ir başlanýandygyny, şeýle hem ähli zatdan möhümdigini nygtaýan halkymyzda ýörgünli bolan bir rowaýat hem bar:
Günlerde bir gün bir gelin üç aýlyk çagasy bilen bir pähimdaryň huzuryna gelip:
Atam, men oglumyň gerçek, goç ýigit bolup ýetişmegini isleýän, terbiýäni nämeden we haçan başlajagymy bilemok, maňa maslahat beräýseňiz diýip sorapdyr. Şonda pähimdar gelne ýüzlenip:
Çagaňyzyň dünýä inenine näçe wagt boldy? diýip soraýar. Gelin:
Üç aý boldy, atam diýip jogap berýär. Pähimdar:
Şonça wagtlap siz bu hakda aladalanmadyňyzmy? diýipdir hem-de gelniň berjek jogabyna-da garaşman sözüni dowam edipdir:
Gyzym, sen çagaňa terbiýe bermekden üç aý gijä galypsyň diýip, gynanç bilen sözüni soňlapdyr.
Terbiýe ojakdan başlanýar diýen pähim, gadym zamanlardan biziň günlerimize gelip ýetipdir. Her bir maşgalada bolup geçýän wakalar bütin ýurtda bolup geçýän wakalaryň ýa-ha başlanýan ýeri, ýa-da tamamlanýan ýeri hökmünde häsiýetlendirilýär. Şonuň üçin terbiýe meselesinde ownuk zat ýokdur.
Maşgalada onuň her bir agzasynyň geljekki uzak we çarkandakly ýoly – durmuş ýoly başlanýar. Şonuň üçin ýola düşmezden öň, onuň her bir menzili göz öňüne getirilmelidir.
Çaganyň ähli mümkinçilikleri, ukyp-başarnyklary maşgalada ýaşaýan döwürlerinde ýüze çykyp ugraýar. Ene-ata öz çagasynyň hüý-häsiýetine belet bolan ilkinji adamlar bolmagynda galýarlar. Olar öz çagalarynyň her bir herekedine, edim-gylymyna jogap berýärler. Başy başlanan her bir ýagşy hereketler öz wagtynda görülmelidir hem-de olar höweslendirilmelidir.
Gyz çaga enesine, oglan çaga bolsa atasyna golaý bolýar. Çaganyň ýaş aýratynlygyndan ugur alýan her bir ene-ata onuň höweslerini, gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny açmakda ilkinji terbiýeçi, mugallym hökmünde garalýar. Bu ýerde mugallym sözi ugrukdyryjy, gönükdiriji, açyjy manylarynda aňladylýar.
Ata öz oňat sypatlary, ahlak keşbi, hünär başarnyklary, maşgaladaky we durmuşdaky abraýy bilen öz çagasyna görelde bolup bilse, onda şol maşgaladaky çaga oňat ýola düşýär, terbiýeli çaga bolup ýetişýär. Çünki terbiýäniň görelde usuly nesil terbiýesinde naýbaşy usullaryň biri hökmünde ylmy pedagogikada hem ykrar edilýär. Muny köp sanly ylmy-barlag we tejribe işleri hem subut etdi.
Ene çagasyny terbiýelände zenan ahlagy, terbiýesi hakynda alada edýär. Özüniň oňat, ýagşy hereketlerini gyzyna geçirýär.Oňa gyz maşgalanyň özüni alyp barmak endiklerini yzygiderli ýatladyp durýar, gyz maşgalanyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda oňa dürli zähmet endiklerini öwredýär. Şeýlelikde, gyz çaga enesine meňzejek bolýar, ondan görelde almaga çalyşýar.
Bu babatda ilçilikde Ejesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini diýen pähim hem bar.
Gorkut atanyň il-güne beren pent-nesihatlary, öwüt-ündewleri şu güne çenli hem öz terbiýeçilik ähmiýetini ýitirmän gelýär. Biz Gorkut atanyň watansöýüjilik ruhuny özümize baýdak edinsek, onuň ündeýän sypatlaryna, hereketlerine eýersek gadymdan gelýän terbiýe zynjyry üzülmez.
Biz terbiýeçilik işlerimizde hökmany suratda Görogly eposyna hem ýüzlenmelidiris.Sebäbi bu eserde Oguz-Gorkut terbiýeçilik zynjyry has hem bekeýär, täze döwrüň ruhuna has golaýlaşýar.Bu eser türkmen kowmunyň iň söýgüli eseridir.
Eposda Jygaly beg-Görogly gatnaşyklarynda ýüze çykýan terbiýeçilik pursatlary hem ýaşuly nesliň nesil terbiýesi hakynda näderejede alada etmelidigini açyp görkezýär.Bu ýerde watançylyk terbiýesi hem, ahlak terbiýesi hem, zähmet terbiýesi hem ör boýuna galýar. Şonuň üçin bu eser biziň her birimiziň terbiýeçilik işlerimizde ýolgörkeziji eser bolmalydyr.
Nusgawy edebiýat hem öz gezeginde halk döredijilik eserlerinden nesil terbiýesi babatda geregiçe susup alýar, olary döwrüň ruhuna, talaplaryna görä özgerdýär we ýene-de halka gaýtaryp berýär.
Döwletmämmet Azady nesil terbiýesinde ata-enäniň çaganyň öňündäki, çaganyň ata-enäniň öňündäki borç-wezipelerini aýdyňlaşdyrýan, Gündogary öwreniji alym, akademik A.N.Samoýlowiçiň belleýşi ýaly, öz döwrüniň alym adamy bolupdyr.
Onuň esasy käri oglan okatmak bolup, halk bilen ýakyn aragatnaşykda bolupdyr, degerli maslahatlary beripdir.Umuman, Döwletmämmet Azadynyň terbiýeçilik mekdebi, häzirki döwürde-de öz ähmiýetini ýitirmeýär. Çünki onuň wesýetleri türkmen kowmuna, onuň nesil daragtynyň ähli wekillerine gönükdirilendir.
Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleri bolan Magtymguly Pyragynyň, Seýitnazar Seýdiniň, Gurbandurdy Zeliliniň, Mämmetweli Keminäniň, Annagylyç Mätäjiniň, Mollanepesiň eserleri nesil terbiýesi meselesinde bize ýol görkeziji bolmagynda galýar. Şonuň üçin terbiýe meselesinde olarda bar bolan öwüt-ündewleri, pähimleri, pentleri öz gündelik işlerimizde ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarys.
Oguljeren Tagandurdyýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.