Edara ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ýat tutmaly boldular

Edara ýolbaşçylary Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny ýat tutmaly boldular

Balkan welaýatynyň döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary indi öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerini ýatdan bilmeli edildi. Kärhanalarda ýatdan tutuljak kitaplaryň temasy guramanyň alyp barýan işine degişlilikde saýlanýar.

Günbatar sebitiň döwlet edaralarynyň we kärhanalarynyň ýolbaşçylary uly Berdymukhamedowyň kitaplaryny ýatdan bilmeli eidlip, bu buýruk ýerli häkimlikler tarapyndan berildi. Talaby ýerine ýetirmek üçin iki aý möhlet berilýär. Möhletiň soňunda ekzamen göz öňünde tutulýar we ondan geçmedikleriň işden aýryljakdygy duýdurylýar.

Azatlygyň sebitdäki habarçysy bu barada 24-nji maýda etrap häkimlikleriniň biriniň wekiline we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna salgylanyp habar berdi.

Täze talaba laýyklykda, bilim edaralarynyň we çagalar baglarynyň müdirleri "Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi"atly kitabyny, medeniýet köşkleriň we medeniýet öýleriniň baştutanlary "Türkmen medeniýeti" kitabyny, kanun goraýjy we harby edaralaryň ýolbaşçylary "Mertler watany beýgeldýär" eseri, saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylary "Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar" atly kitaby ýat tutarlar.

"Öňki prezident, dürli ugurlar boýunça hünärmen hökmünde 60-dan gowrak kitap ýazdy. Belki, olary hiç kim okamaýandygy sebäpli, ol adamlaryň öz eserlerini tanamagyny we ýatlamagyny isleýändir. Köp adam indi kitaplaryň her kime ýat tutduryljagyndan howatyrlanýarlar, hatda ýetginjekleriň hem pasport alanlarynda olary öwrenmäge mejbur edilip bilinmeginden gorkýarlar" diýip, çeşmeleriň biri adynyň agzalmazlygy şerti bilen Azatlyga öz pikirini mälim etdi.

Geçmişde Gurbanguly Berdimuhamedowdan öňki prezindet Saparmyrat Nyýazowyň "Ruhnama" kitaby ýurduň bilim edaralarynda öwrenilmelidi we döwlet işgärleri kitabyň mazmuny boýunça synag tabşyrmalydy. Sürüji şahadatnamasyny almak üçin hem raýatlardan kitaby bilmek talap edilýärdi.

Häzirki täze talabyň Balkan welaýatynyň ýolbaşçylarynyň inisiatiwasymy ýa-da döwlet derejesinde berlen talap bolup durýandygy entek belli däl. Öňki tejribelerden çen tutulsa, şular ýaly görkezmeler dilden edilip, oňa resmiler tarapyndan düşündiriş berilmändi, döwlet metbugatynda hem habar çap edilmändi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentliginiň 15 ýylynda 60-dan gowrak kitap neşir edildi. Berdimuhamedow atlçylyk, itleri köpeltmek, lukmançylyk, syýasat, ykdysadyýet, jemgyýet, şeýle hem derman ösümlikleri, çaýyň peýdasy ýaly temalardan ençeme kitaby öz ady bilen çap etdirdi. Şeýle hem onuň eserleriniň arasynda liriki goşgular we aýdymlar boldy. Onuň eserleri birnäçe dilde çap edilýär.

2006-njy ýylyň ahyrynda öňki prezident Saparmyrat Nyýazow ölenden soň ýurda ýolbaşçy bolan Gurbanguly Berdimuhamedow, "ýaşlara ýol bermek isleýändigini" aýdyp, 2022-nji ýylyň fewral aýynda işinden aýryljakdygyny yglan etdi. Döwlet telewideniýesinde efire berlen resmi çykyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow öz ogly häzirki prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berip, özüniň "ýadandygyny" we wagtyny "täze kitap ýazmak üçin" sarp etmek isleýändigini aýtdy.

On ýyl bäri ýurduň ilaty Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplaryny yzygiderli satyn almaga mejbur bolýar. Döwlet işgärleri we okuwçylar kitap satyn almaga borçly edildi. 2019-njy ýylda Aşgabatdaky mekdepler okuwçylardan kitap satyn alyp, olary ýörite stend üçin mekdebe tabşyrmagy talap etdi. Her okuw jaýynda we döwlet edarasynda Berdimuhamedowyň kitaplary goýlan ýer bar.

Şeýle hem, geçmişde Berdimuhamedowyň döredijiligini ösdürmek maksady bilen ilat üçin käbir höweslendiriji çäreler geçirildi. 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda Lebap welaýatynda medeni işgärlere onuň eserini wasp edýän aýdym-saz eserleri döretmek tabşyryldy. Şoňda Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk biziň bagtymyz” atly kitaby çap bolupdy. Ýeňijilere sylag wada berilipdi. Şol wagtda Lebap welaýat uniwersitetlerinde studentlere prezidentiň täze kitabyny ýatda saklamak maslahat berildi.

Höweslendiriş hökmünde okuwçylara 100 manat pul baýragy wada berildi.

Geçmişde Berdymuhadowyň kitaplary döwlet telewideniýesinde-de okalýardy.

Kitaplary okamak boýunça köpçülikleýin çäreler kärhanalarda we döwlet edaralarynda geçirilýärdi. Döwlet edaralarynyň işgärleri, şol sanda lukmançylyk işgärleri, mugallymlar we çagalar bagynyň mugallymlary çärelere gatnaşmaga mejbur edilip, öz wezipe borçlaryny kadaly berjaý edip bilmeýärdi.

Metjitlerde-de Berdimuhamedowyň eserleri okaldy. Hususan-da, mollalar 2022-nji ýylyň ýazynda Gurban baýramy mynasybetli baýram namazynda öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Durmuşymyň manysy” atly kitabyndan parçalary okadylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 'aşa dinçi' hasaplanan işgärlere işden çykarylmak haýbaty atylýar
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine...
Hindistanda Metjitler Nyşana Alyndy
Germaniýanyň Polis Gullugy Metjitde Bolan Ýangyn Sebäpli Derňew Işini Başlatdy
Germaniýada Metjide Hüjüm Guralmaga Synanşyldy