Ecodrink-de bir bulgur hoşboý ysly kofe bilen şäheriň şowhunyndan dynç alyň

Ecodrink-de bir bulgur hoşboý ysly kofe bilen şäheriň şowhunyndan dynç alyň

Ecodrink kofe merkezi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny bir bulgur hoşboý kofe içmäge çagyrýar.

Tebigatyň gözellikleri bilen gurşalan stollar size rahatlyk eçiler. Bu ýere gelýänler diňe bir datly tagamdan lezzet alman, eýsem, şäheriň gözelliklerini hem synlap biler.

Ecodrink her tagama laýyk gyzgyn we sowuk içgileriň giň görnüşini hödürleýär. Nusgawy kofeleri halaýanlar hoşboý ysly espresso, kapuçino ýa-da latte içgilerine baha bererler. Täze bir tagamy synap görmek isleýänler üçin baristalar elmydama elde taýýarlanylan içgileri hödürlemäge taýyn.

Kofe içýärkäňiz olaryň tagamyna tagam goşjak desertler size has ýakymly lezzeti bagyşlar.

Ecodrink dostlaryňyz bilen duşuşmak, pikir alyşmak we okamak üçin amatly ýerdir.

Körpe myhmanlar üçin bolsa kofe merkezimiziň gapdalynda çagalar meýdançasy bar.

Ecodrink her gün irden 8:00-dan giçlik 23:00-a çenli açykdyr.

Aragatnaşyk maglumatlary:

Ýene degişli makalalar

Ecodrink: tagamly süýjülikler we hoşboý kofe
Ecodrink kofe dükany myhmanlara içgileriň dürli görnüşlerini hödürleýär
Ecodrink kofehanasynda güýzüň ýakymly atmosferasyna aralaşyň
TDHÇMB-niň duşenbedäki eksport geleşikleri $39 milliondan geçdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň 9-njy noýabrda Özbegistana amala aşyran iş saparynyň netijeleri
Türkmenistanyň wekiliýeti YHG ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar