E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi

E3 2021 sergisiniň doly meýilnamasy yglan edildi

Amerikanyň güýmenje programma üpjünçiligi assosiasiýasy we Entertainment Software Association kompýuter oýunlary guramasy Electronic Entertainment Expo 2021 (E3 2021) sanly sergisiniň doly meýilnamasyny yglan etdi.

Onlaýn görnüşinde geçiriljek sergi millionlarda janköýere öýde oturan ýerinden oňa gatnaşmaga mümkinçilik döredýär. Gatnaşmak üçin hiç hili töleg kabul edilmeýär we täze oýunlar bilen tanyşmaga, metbugat maslahatlaryna gatnaşyp, oýunlary döredijiler bilen gürrüňdeş bolmaga mümkinçilik döredilýär.

Sergi 12-nji iýundan 15-nji iýuna çenli Twitch ýa-da YouTube-däki resmi kanallarda guralar. Şeýle hem Netflix, Summer Game Fest we Apple sergini göni ýaýlymda görkezer.

Ýene degişli makalalar

“Nintendo” oýun konsoly öndürilip başlandy
Dünýädäki iň uly Legoland seýilgähi 2024-nji ýyla çenli Şençžende gurlar
Forsaž-10 franşizasy kinoteatrlara 2023-nji ýylyň aprelinde çykarylar
Dünýäde iň uly kinoteatrlar ulgamy bitkoine petek satyp başlar
“Netflix” üçin kino surata düşürer
Kosmosda MMA söweşleri geçirilip başlanar