27-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Ol Türkiýäniň işewür toparlarynyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýe bolan hem-de oňyn halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny alyp barýan Türkmenistan bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtady.
Döwlet Baştutany bu kompaniýanyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyna ýokary baha berip, hyzmatdaşlygyň oňyn häsiýetini we anyk netijä gönükdirilendigini nygtady.Duşuşykda özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşyldy.
Erman Ylyjak dürli maksatly düzümleýin desgalary gurmak boýunça kompaniýa ynanylan taslamalaryň birnäçesiniň amala aşyrylyşy barada hormatly Prezidente habar berdi.Erman Ylyjak bildirilýän ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň geljekde-de bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygyny ýene bir gezek tassyklady.