NATO-nyň deňiz goranyş türgenleşikleriň çäginde howa, deňiz we suwasty güýçleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen geçirilýän "Dynamik Manta 2023" atly harby türgenleşik başlady.
NATO-nyň Harby-deňiz serkerdeliginden berilen ýazmaça beýanatda, Sisiliýa adasynyň gündogar kenarynda şu ýyl 23-nji gezek geçirilmäge başlanan türgenleşige aralarynda Türkiye hem bolan 9 ýurtdan gämileriň, suwasty gämileriň, uçarlaryň we köp sanda harbynyň gatnaşýandygy habar berildi.
Beýanatda Dynamik Manta atly harby türgenleşikleriň geçirlimekleriniň maksadynyň ähli gatnaşyjy ýurtlaryň suwasty goranyş we suwuň üstünde harby ukyplary boýunça bilelikde hereket etmek we başarnyklaryny artdyrmak üçin kyn şertlerde harby tälim bermekden ybaratdygy aýan edildi.
Italiýanyň Kataniýa we Augusta portlary we Sigonella howa bazasy bilen ýer eýeçiligini edýän harby türgenleşikde, Türkiyeden Preweze kysymly suwasty gämilerden TJG Preweze (S 353) bilen birlikde Italiýadan, Gresiýadan we ABŞ-dan suwasty gämiler gatnaşýar.
Suwasty gämilerden daşary türgenleşige NATO-nyň Hemişelik Deňiz topary-2-niň çäginde iş alyp barýan Türkiyeden TJG Barbaros fregady (F 244) bilen birlikde Kanadadan, Gresiýadan, Italiýadan, Ispaniýadan we ABŞ-dan gämileriň gatnaşýandygy beýan edildi.
Mundan başgada Kanadanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Beýik Britaniýanyň, ABŞ-nyň we Italiýanyň deňiz patrul uçarlary bilen türgenleşige gatnaşýandygy habar berildi.
Sisiliýa adasynyň gündogar kenarynda we Ortaýer deňiziniň ortalarynda geçiriljek türgenleşik 10-njy marta çenli dowam eder.