
Russiýaly Arkadiý Dworkowiç Halkara küşt federasiýasynyň (FIDE) prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy. Saýlawlar Hindistanyň Çennaý şäherinde geçirilen FIDE-niň Baş Assambleýasynda boldy diýip, TASS habar berýär.
Dworkowiçden başga-da FIDE-niň prezidenti wezipesine ukrainaly Andreý Barişpoles dalaş etdi.Belarusly Inalbek Şeripow we fransiýaly Bahar Kuatli öz kandidaturalaryny yzyna aldylar.Kongrese 194 wekil gatnaşyp, olaryň 179-sy ses berdi, bir ses güýçsüz diýlip hasaplanyldy, bäş wekil ses bermekden saklandy.
Dworkowiç üçin 157 ses, Barişpoles üçin 16 ses berildi.Dworkowiç 50 ýaşynda, ol 2018-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri FIDE-e ýolbaşçylyk edýär.Guramanyň prezident wezipesinde ol FIDE-e 1995-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk eden russiýaly Kirsan Ilýumžinowyň ornuny çalşyrdy.