Duzuň reňki nähili?

Lukmanlar aşa duzly önümleri yzygiderli iýmegiň adam bedenine zyýanlydygyny, şol sebäpli adamyň gündelik sarp edýän duz möçberiniň belli bir derejede bolmalydygyny nygtaýarlar. Ýöne duzy tutuşlygyna ulanmazlyk hem saglyga zyýanlydyr.

Eýsem, duzuň nähili görnüşleri barka, ol nähili alynýarka?!Duz deňizlerden, ýerasty känlerden we duzly köllerden alynýar.Tagam taýýarlamakda peýdalanylýan duz adatça, duzly köllerden alynýar.Olar gaýtadan işlenip, ýodlaşdyrylyp, adam saglygyna ýaramly halda halka ýetirilýär.

Onuň 97%-den gowragyny duzuň himiki düzümi bolan NaCl emele getirýär.Bu duzuň ürgünligini artdyrmak üçin käbir goşundylar goşulýar.Deňiz duzy deňiz we umman suwunyň bugardylmagy bilen alynýar.

Munda duzy emele getirýän natriý we hloridden başga-da magneziýa, demir, kaliý, kalsiý ýaly 93 mineral bolýar.Onuň düzümindäki natriý we hlorid nahar duzundaky bilen deňeçer bolup, tagamy başgaça bolýar.Ýerasty känlerdäki tebigy duz daşlary gaýtadan işlenip duz alynýar.

Bu duzuň düzüminde 80-den gowrak mineral bar. Ýerasty känlerden alynýan duzuň bary-ýogy 3 göterimi nahar duzuny taýýarlamakda, galan bölegi himiýa senagatynda peýdalanylýar.Ýerasty duzlaryň hem birnäçe görnüşi bolup, olaryň iň gymmatlysy Gimalaý duzy hasaplanýar.

Ol Gimalaý daglarynyň günortasynda arassa kristal duz känlerinden çykarylýar.Onuň düzüminde 84 görnüşli mineral madda bar.Düzümindäki minerallar sebäpli onuň reňki gülgün bolýar.Ýerasty känlerden alynýan duz diňe iýmitlik maksady bilen däl, eýsem, saglygy goraýyş, kosmetika we beýleki ugurlarda hem giňden peýdalanylýar. Şeýle hem, ýerasty duz känlerine girmek, ol ýeriň howasyndan dem almak birnäçe keselleriň öňüni alýar. Şol sebäpli adaty känlerdäki ýerasty gowaklaryň tebigy daşlaryndan emeli gowaklar döredilip, olara barýanlar saglyklaryny dikeldýärler.Gawai duzy bolsa, gara ýa-da gyzyl reňkli bolýar.

Mineral maddalara baý bolan duz tebigatda wulkanlaryň partlamagy netijesinde emele gelipdir.Bu duz deňiz önümlerinden nahar taýýarlanylanda, has köp peýdalanylýar.

Ýene degişli makalalar

Ýuwaş ummanyndaky ilkinji telegraf liniýasy
Ummanlar arassalanar
Iň beýik dag Ewerestmi?
Has köp hemrasy bar eken
Täze ýyl nirä, haçan gelýär?