Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Indoneziýanyň Prezidenti Widoddo, Wenesuelanyň Prezidenti Nikolas Maduro we Ispaniýanyň Premýer ministri Pedro Sançes Prezident R. T. Erdogana telefon edip, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaşarda bolan ýer titremeleri zerarly gynanç bildirdi.
Liderler telefon söhbetdeşliginde Türkiýä goldaw berýändiklerini we türk halky bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini mälim etdi.